Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde  gurnamaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik tele ýazgysy geçirildi.

2020-nji “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde  gurnamaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik tele ýazgysy geçirildi.

 

         Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda jemgyýetimizde köpugurly düýpli özgertmeler giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Türkmen jemgyýetinde amala aşyrylýan özgertmeler milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak zerurlygyny öňe çykardy. Ýurdumyzda bu babatda ägirt uly işler amala aşyryldy. Şeýlelikde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Halk maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerini hem-de Türkmenistanyň Konstitusyýasyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden taryhy çykyşynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, ýaşlar baradaky syýasaty, jemgyýetde zenanlaryň ornuny, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgysy geçirildi.

        Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlige gatnaşanlar türkmen jemgyýetini mundan beýläkde demokratiýalaşdyrmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak meseleleri, milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmeleriň umumy strategiýasynyň möhüm ugurlarydygy barada belläp geçdiler.

          Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy barada uly aladalary edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

 

 Ýörite habarçy

TZBMG baş hünärmeni

O.Gandymowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com