“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”atly çap edilen täze kitabynyň tanyşdyrylyş çäreleriniň ýazgylary gurnaldy.

Şanly baýramçylyklara beslenen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň çap edilmegi türkmen halkyny uly buýsançlara besledi. Milli Liderimiziň bu kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitaby halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryna we türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan, Mähriban Arkadagymyz täze kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, milli dessurlarymyza, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär. Dabaraly çärelere gatnaşanlar täze kitabyň many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler.
Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar dumuşy barada uly aladalary edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini, şeýle ähmiýetli kitaplarynyň dowamly bolmagyny hem arzuw etdiler.

Ýörite habarçy
TZBMG baş hünärmeni
O.Gandymowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com