KEÇE HAKYNDA KELAM

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda «Keçe hakynda kelam» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Arkama-arka dowam edip, biziň günlerimize gelip ýeten el işleriniň biri bolan gülli keçelerimiz öýlerimiziň, toýlarymyzyň ýaraşygydyr. Türkmen zenanlarynyň döredýän nepis sungaty halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülip, döwrümiziň ösüşleri bilen sazlaşýar. Munuň şeýledigine «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda zenanlaryň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde, çärelerde doly göz ýetirmek bolýar. Şeýle çärelerde keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlar, keçe nagyşlaryndan söhbet açýan gadymy rowaýatlar, yrymlar, naryň, hozuň gabyklaryndan, narpyz, şirguýruk ýaly tebigy ot-çöplerden boýag alan ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän gürrüňler öz beýanyny tapýar.

Halkymyzda «Keçe göwünli gelnim — kiçi göwünli gelnim» diýen aýtgynyň gaýyn-gelin gatnaşygynda agzybirligi, birek-birege düşünişmegi ündeýändigi, ene-mamalarymyzyň ýaş gyzlaryny ýa-da täze gelen gelinlerini el işleri bilen baglanyşykly tymsallaryň, nakyllaryň üsti bilen terbiýeländikleri hakynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüň edildi. Ata Watanymyz, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly, Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän ajaýyp özgertmeleri, öýlerimiziň, toýlarymyzyň, törlerimiziň ýaraşygy bolan gülli keçelerimiz goşgularda wasp edildi. Öz akabasyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan halkymyzyň baý medeni mirasynyň biri bolan keçelerimiziň has içgin öwrenilmegine ak ýollary açan mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm