ZEMINIŇ GÖRKI

Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramaklarynda, «Gyzyl kürte başynda, gyz-gelinler daşynda» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Halkymyzda zenanlara bolan sylag-hormat gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Berkarar ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň mertebesi belent tutulýar. Bu gün türkmen zenanlary maşgalada we işde, durmuşda we döredijilikde, sungatda we ylymda, saglygy goraýyşda we ykdysadyýetde, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hatarynda hem göreldeli zähmet çekýärler, gulluk borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýärler.

Milli egin-eşiklerimiz her bir adamyň, şol sanda daşary ýurtly myhmanlaryň hem ünsüni özüne çekýär. Onuň inçeden-inçe salnan nagyşlary gelin-gyzlarymyzyň ajaýyp el hünärini açyp görkezýär.

Duşuşygyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa öz ajaýyp aýdymlary, şeýle-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň folklor topary hoş owaza sazlaşan tanslary bilen tomaşaçylarda ýakymly duýgulary galdyrdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar zenanlaryň ähli ugurlarda yhlasly işläp, ajaýyp döwürde ýaşamagy ugrunda yzygiderli aladalary edýän döwlet Baştutanymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm