“GYZYL KÜRTE BAŞYNDA, GYZ-GELINLER DAŞYNDA” ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde gurnamaklarynda "Gyzyl kürte başynda, gyz-gelinler daşynda" atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

surat

Duşuşykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty Maýa Halykberdiyewa, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Annasona Ballyýewa, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Gurbangözel Amanmyradowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Mähri Myradowa, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri Annajahan Öküzowa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň ýaşaýjysy Bahar Annamuhammedowa, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy Aýgözel Nuryýewa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Orazjemal Geldiýewa, Sülgün Çollaýewa, Ogultuwak Ödemyradowa, Aşgabat şäheriniň Kömekçi mekdebiniň mugallymy Ogulgerek Annasaparowa çykyş etdiler. Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň  Halk artisti Läle Begnazarowanyň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň folklor toparynyň tans etmeginde çykyşlara tomaşa etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm