HÜNÄRE HORMAT — ZÄHMETE BUÝSANÇ

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda biziň welaýatymyzda hem geçen ýekşenbe güni Senagat işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi. Welaýat häkimliginiň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Gaýrat geňeşliginiň oba medeniýet öýünde guran aýdym-sazly çäresi bu baýramçylygyň özboluşly bezegine öwrüldi.

 

 

         Dabarada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň ýanyndaky işewür zenanlar merkeziniň başlygy Jahan Maşalowa, Daşoguz şäherindäki «Polimerönümleri» zawodynyň baş inženeri Döwlet Taganow, şu zawodyň maddy-tehniki üpjünçilik boýunça baş hünärmeni Öremyrat Jumamyradow, «Daşoguzdemirbetonönümleri» zawodynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Kömek Nazarow dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, bu pudagyň ykdysadyýetimizdäki ornuny pugtalandyrmak barada amala aşyrylýan çäreler barada durup geçip. şeýle uly aladalary üçin milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

         Dabarada welaýatymyzyň senagat ulgamynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan işgärleriň ençemesine TKA-nyň welaýat birleşmesiniň taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

 

♦♦♦

Şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de şu pudaga degişli edara-kärhanalaryň bilelikdäki tagallasy bilen welaýatymyzyň merkezindäki «Daşoguz» myhmanhanasynyň mejlisler eýwanynda guraldy.

Dabarany TKA-nyň welaýat birleşmeiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew açyp, bu ýere ýygnananlary, olaryň üsti bilen welaýatymyzyň senagat ulgamynda zähmet çekýän adamlary hünär baýramy mynasybetli gyzgyn gutlamak bilen, hormatly Prezidentimiziň giň göwrümli aladalarynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň senagatynyň barha gülläp ösýändigini, şeýlelikde. onuň milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejelere göterilmegine saldamly goşant bolýandygyny belledi. Munuň şeýledigini welaýatymyzyň mysalynda hem görmek bolýar. Sebäbi soňky ýyllarda bu ýerde senagat kärhanalarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi ýa-da ozaldan bar bolanlary döwrebaplaşdyryldy. Şonuň ýaly-da, bu pudakda telekeçilik hem barha giň ornaşdyrylýar. Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzyň senagat taýdan

ösmeginde biziň welaýatymyzyň hem mynasyp paýy bar.

Dabarada Daşoguz şäherindäki «Daşoguzdemirbetonönümleri» zawodynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Begli Kadyrow, «Polimerönümleri» zawodynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şatmuhammet Çerkezow, şu zawodyň guýujysyTäjimyrat Ataýew, welaýat «Dökünhimiýa» müdirliginiň TKA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Sähetnazar Hudaýberdiýew dagy çykyş edip, bu kärhanalarda alnyp barylýan işler, olaryň has-da oňat netijeleri bermegi üçin döredilýän şertler hakynda buýsanç bilen gürrüň berdiler. Dabaranyň ahyrynda bu pudakda yhlasly zähmet çekýän adamlaryň birtoparyna baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm