Bagtyýarlyk aýdymy, mukaddeslik mukam

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek baradaky meselä aýratyn ahmiýet berilýär. Milli ýol-ýörelgelerimizi ýaşlaryň kalbyna. aňyna siňdirip. olary gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň mysalynda terbiýelemek mukaddes borçdur. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda welaýat maliýe we ykdysady ösüş müdirliginiň mejlisler zalynda «Arkadagly rowaç Watanda belentdir zenan sarpasy* diýen at bilen geçirilen maslahatda hem şol mukaddes borçdan ugur alyndy. Bu maslahata mährem eneler, welaýatymyzyň öňdebaryjy zenanlary. Bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy Maral Durdyýewa açyp. türkmen gelin-gyzlaryna mahsus edim-gylymlar. zenan mähriniň gudraty we maşgalada enäniň orny barada täsirli çykyş etdi.

Edaly türkmen zenanynyň geýniş medeniýeti, özüne timar berşini hem sungat derejesine ýetirişi, türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran zenan şahsyýetleriň görüm-göreldesi hakyndaky gürrüňler maslahatda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

— Zenanlar geçmişde hem döwleti dolandyrmak işlerine gatnaşypdyrlar, edebi döredijilik bilen meşgullanypdyrlar. Burla hatyn. Altynjan hatyn ýaly meşhur türkmen zenanlarynyň halallygy. päkligi hakyndaky düşünjeler şu güne çenli zenanlara nusga bolup gelýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramy. işeňňirligi — maşgala abadançylygynyň gönezligi, nesil terbiýesiniň nusgasydyr — diýip. Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň uly mugallymy. zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň başlygy Parahat Jumaýewa öz çykyşynda aýratyn nygtap geçdi.

Welaýatymyzda tanalýan aýdymçy zenan Agabeg Tokurowa öz çykyşyny şirin owazly aýdymlary bilen dowam etdi. Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň maşgala ojagynda ir döwürlerden bäri şu günlere çenli dowam edip gelýän asylly ýörelgeleriniň ähmiýeti, zenan edebiniň gönezligindäki gymmatlyklar. öýleriň sütüni, köňülleriň köşgi hasaplanylýan mährem enelerimiziň mukaddesligi baradaky täsirli söhbetler çärä gatnaşanlarda tolgundyryjy täsirleri galdyrdy. Bu ýerde okalan goşgularda zenan dünýäsiniň inçelikleri, käbelerimiziň ezizligi taryp edildi.

Mahym ROZYÝEWA.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm