MIRASA SARPA

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen «Keçe hakynda kelam» atly söhbetdeşlik ýokary işjeňlige beslendi. Söhbetdeşlikde nygtalyşy ýaly, arkama-arka dowam edip, biziň günlerimize gelip ýeten türkmen zenanlarynyň ajaýyp el işleriniň biri bolan gülli keçelerimiz öýlerimiziň, toýlarymyzyň ýaraşygydyr. Ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň döredýän bu nepis sungaty bu gün halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülip, döwletimiziň bedew batly ösüşleri bilen pugta sazlaşygy emele getirýär. Munuň şeýledigine «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, günbatar sebitiň zenanlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde, dürli çärelerde hem açykdan aýdyň göz ýetirmek bolýar. Olarda keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlar, olara salynýan nagyşlardan söhbet açýan gadymy rowaýatlar, yrymlar, naryň, hozuň gabyklaryndan, narpyz, şirguýruk ýaly tebigy ot-çöplerden boýag alan ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän hünärler öz beýanyny tapýar. Juda täsirli geçen bu çärä gatnaşyjylar halkymyzyň baý medeni mirasynyň biri bolan keçelerimiziň has içgin öwrenilmegine giň ýollary açan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm