EDEP BILEN EZIZLENEN

Welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Edep bilen ezizlenen» ady bilen edara- kärhanalarda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň eýe eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlarynyň sarpasyny has-da belende galdyrmakda, jemgyýetde tutýan ornuny berkitmekde döwlet derejesinde wajyp işleriň amala aşyrylýandygy, ýaş nesle döwrebap terbiýe bermekde mil li we umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanmalydygy, edep-ekramynyň ilkinji orunda bolmalydygy, gelin-gyzlaryň gözelliginiň edebinde jemlenmelidigi barada gürrüň etdiler. «Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde, oň edebi — nesillere ýörelge», «Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz , ýigit atadan görüm görmese, saçak ýazmaz» , «Gyz edebi — il edebi» diýen dana sözleriň ähmiýetini, zenanlaryň maşgaladaky ornunyň belentdigini, edep-terbiýäniň, päkizeligiň, görüm- -göreldäniň, zähmetsöýerligiň asyl nusgasy bolan mährem enelerimiziň, zenanlarymyzyň mukaddes maşgala ojagynyň agzybirligini saklamakda, Watan buýsanjy, daýanjy bolan ýaş nesli terbiýelemekde uly güýçdügini nygtadylar. Türkmeniň tämiz, gözel ahlak sypatly zenanlary ýüzüniň tuwagyna, gözüniň görejine, başynyň täjine deňeýändigini eziz Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndan mysal getirilen rowaýatlaryň üsti bilen açyp görkezdiler. Zenan mertebesini belentde tutýan Gahryman Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm