EL HÜNÄRINIŇ EZBERLERI

Ýakynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Zenan kalbyndan dörän nepislik nusga bolup galsyn ilden illere» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýurdumyzyň dokmaçy gelin-gyzlarynyň arasynda bilelikde yglan eden bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzda hereket edýän dokma senagatyna degişli kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy.

Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanýan bäsleşigiň esasy maksady Arkadagly döwrümizde ata Watanymyzyň pajarlap ösmegine mynasyp goşant goşýan zenanlarymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, urp-adatlarymyza goýýan sarpasyny, söýgüsini, şeýle-de olaryň türkmen gözelleriniň lybaslaryny gözellige besleýän ajaýyp nagyşlary döretmek boýunça ussatlygyny, şahsy başarnygyny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekden, ýaş nesilde milli nagyşly lybaslarymyza bolan höwesi artdyrmakdan ybarat boldy. Şeýle asylly maksada eýeren bäsleşigiň welaýat tapgyry örän gyzykly we täsirli boldy.

Ussat dokmaçy gelin-gyzlar bäsleşigiň şertleri esasynda çykyş etmek bilen, ukyp-başarnygyny görkezdiler. Bäsleşigiň «Gadymy nagyşlaryň syrlary» atly ilkinji şerti esasynda çykyş eden gelin-gyzlar milli lybaslaryň we olara salynýan nagyşlaryň gadymylygy, nagyşlara siňen syrly şekilleriň aýratynlygy, taryhy gelip çykyşy, aňladýan manysy baradaky maglumatlary çeper sözüň üsti bilen gürrüň berdiler. «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylan şertde bäsdeşler emin agzalarynyň el işi bilen baglanyşykly beren ýumşuny bellenen wagtyň dowamynda ýerine ýetirmek babatda ussatlygyny açyp görkezmäge mümkinçilik aldylar.

123

Bäsleşigiň “Kesbi-kärim nesillere görelde” atly soňky — üçünji şertine laýyklykda, dokmaçylar nagyşlar bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary, şeýle-de nagyşlaryň taryhyndan söhbet açýan gadymy rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary aýtdylar, ýürek buýsanjyny şahyrana setirleriň, çeper sahnalaryň, aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan etdiler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşik ykjam taýýarlykly gelen dokmaçylary — hünär ussatlaryny ýüze çykardy. Şeýlelikde, bäsleşigiň netijesinde, Gökdepe etrabyndaky Dokma toplumyndan gelen dokmaçy gelin-gyzlar birinji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşan beýleki gelin-gyzlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

 

Akgözel HOJALYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

SU­RAT­LAR­DA: bäs­le­şik­den pursat­lar.

Surata düşüren Aýdo ŞEKEROW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm