HALKYMYZA AJAÝYP SOWGAT

Golaýda «Daşoguz» şypahanasynyň mejlisler zalynda welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyň täze — 12-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Dabarada KA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, welaýat köpugurly hassahanasynyň newrologiýa bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri Ýegenmet Guwançew, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Orazgeldi Hemraýew, Daşoguz şäheriniň 3-nji saglyk öýüniň lukmany Tawus Remowa, 2-nji saglyk öýüniň lukmany Kuwwat Annaýew, welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany Şöhrat Durdyýew, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Babajyk Babajykow dagy çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň dölwet galamyndan döreýän ajaýyp eserleriň bütin halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy, lukman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseriniň diňe bir lukmanlara däl, eýsem, tutuş

halkymyza berlen sowgatdygy buýsanç bilen bellenildi. Iki bapdan ybarat bolan, 120 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumat beýan edilen täze kitabyň ähmiýeti, lukmançylyk ylmynyň ösüşindäki uly orny dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Dabarada halkyň saglygy hakynda uly aladalar edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdylyp, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.

Lälezar BAÝLYÝEWA, «Daşoguz habarlary».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm