MÄHIR-MUHABBETIŇ ÇEŞMESI

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen maşgala gymmatlyklaryny pugtalandyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynda hem halkymyzyň edimgylymlary, zenan edebi, ene mukaddesligi hakda söz açylýar. Şeýle hormata mynasyp zenanlar Watanymyza wepaly, edep-terbiýeli, görüm-göreldeli, sowatly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirýärler. Şonuň üçin her günümiz bagt nurundan dolup, kalplarymyzy hem durmuşymyzy has gözelleşdirýär.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Saýat etrap bölüminiň guramagynda «Edep-ekram — gyz-gelniň zynaty, Bagtyýarlyk — ýürekleriň ganaty» diýen at bilen guralan çärä mährem eneler, öňdebaryjy zenanlar, bilim we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli mirasyny, pähim-paýhas goruny aýap saklap, ony geljekki nesillere

ýetirmek — ýaşaýşa bolan synmaz söýginiň beýik nusgasy. Şeýle nusganyň eýesi bolan mährem zenanlar perzentlerine asylly görelde görkezip, maşgala ojagyny abat saklaýarlar.

— Öýüň ýaraşygy, toý-baýramyň gelşigi bolan zenanlara agraslyk ýaraşýar. Gyz-gelinler halkymyzyň ýüzüniň tuwagy, buýsanç tugy hasaplanylýar. Adama suwuň, howanyň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, jemgyýetimiziň ösmegi üçin edepli nesiller gerek. Eneleriň öwütleri nesil terbiýesinde bahasyzdyr — diýip, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Saýat etrap bölüminiň başlygy Gülşirin Razzakowa maslahatyň açylyşynda eden çykyşynda nygtap geçdi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň kätibi Jumagül Açylowanyň, Saýat etrabynyň kazysy Çemen Berdiýewanyň, mährem ene Orazgül Akyýewanyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň mugallymy Parahat Jumaýewanyň çykyşlarynda türkmen zenanlarynyň edim-gylymlary, olaryň

deňi-taýy bolmadyk • halylary dokaýyşlary, datly tagamlary taýýarlaýyşlary barada gyzykly söhbet edildi. Paýhasly mährem eneleriň nusgalyk häsiýetleri, milli däp-dessurlarymyzyň, edim-gylymlarymyzyň ähmiýeti bilen baglanyşykly çuň manyly gürrüňler maslahata gatnaşanlarda tolgundyryjy täsirleri galdyrdy. Bu ýerde okalan goşgularda zenan dünýäsi, eziz enelerimiziň mähri belentden wasp edildi.

Etrabyň medeniýet bölüminiň ýaş aýdymçylarynyň Watan, söýgi, durmuş hakynda ýerine ýetiren aýdymlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Serwer ROZYÝEWA.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm