2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly
Golaýda «Gülüň owadan!» ady bilen geçirilen bäsleşiginiň welaýat tapgyry Milli «Ak bugdaý» muzeýinde ýaýbaňlandy. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hemde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde yglan etdi. Welaýatymyzyň ähli etraplaryndan gelen çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda geçirilen keçe we keçe önümlerini taýýarlamak ussatlygyny açyp görkezýän bäsleşigiň welaýat tapgyryna jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, medeniýet ussatlary, eneler we köp sanly ýaşlar gatnaşdy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen, keçe senedine bagyşlanan bu bäsleşigiň maksady milli mirasymyzy ösdürmekden, öýlerimiziň bezegi bolan türkmen keçeleriniň ajaýyp nusgalaryny has-da kämilleşdirmekden, milli el işlerimizi açyp görkezmekden, ýaşlarda zähmet terbiýesini ösdürmekden, milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan miras galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmakdan ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşmak üçin welaýatymyzyň etraplaryndan we Tejen şäherinden gelen bir-birinden ussat zenanlar üç şertden ybarat bolan bu bäsleşige örän taýýarlykly gelendiklerini mälim etdiler. Bäsleşigiň ilkinji şertlerine laýyklykda bäsdeşler özlerini tanyşdyryp, keçe bilen bagly gadymy usullary ulanmak arkaly, türkmen milli keçesini taýýarlamak işleriniň ýüň saýlamak, saýmak, boýamak, daramak, pişge ýasamak, keçe gamyşyny dokamak, keçe güllemek, keçe basmak ýaly inçe tilsimleri barada düşündiriş berdiler. Şeýle hem olar keçe üçin zerur bolan gurallaryň ulanylyş aýratynlyklary barada durup geçmek bilen, bu senediň inçe syrlarynyň tapawutly tarapyny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde zenanlar gadymy milli nagyşlary: «ak tüýnük», «gyzyl tüýnük», «gözenek», «saýlan», «gülýaýdy», «sekiz goçak», «gelin barmak», «gapyrga», «öküz oňurga», «hindi goçak», «içýan agzy», «tazy guýruk», «barmak» we şular ýaly onlarça nusgalary salyp, keçe güllemek, gülleriň atlarynyň berýän manysyny açyp görkezmek arkaly bäsleşdiler. Bäsleşigiň üçünji şerti hem gyzykly boldy. Bu şertde zenanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gözel tebigatyny suratlandyrýan täze nagyşly keçeleri güllediler we olaryň taýýar görnüşlerini nusga hökmünde görkezdiler. Şeýle hem bäsdeşler halkymyzyň mirasyndan keçe bilen bagly gadymy rowaýatlary, taryhy maglumatlary, yrymlary, goşgudyr gazallary, aýdyşyklary ussatlyk bilen beýan etdiler. Bäsleşige gatnaşan zenanlaryň aýdyşy ýaly, keçeler hem türkmen tebigatynyň dil bilen beýan edip bolmaýan täsin gözelligini, mährem zenanlaryň köňül arzuwlaryny, halkymyzyň gadymyýetini we şu gününi şöhlelendirýän haly sungatymyz we dokma önümlerimiz ýaly halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanýar. Keçe bäsleşiginde keçäniň nagyşlarynyň haly çitimlerine salnan nusgasy hem bar eken. Bäsleşige gatnaşan eli çeper gelin-gyzlaryň aýtmagyna görä, keçeler goýun ýüňünden taýýarlanýar. Bu ýüňden taýýarlanýan keçeler berk, saglyga peýdaly we ýyly bolýar. Bäsleşikde keçe üçin saýlanyp alynýan ýüňüň hili, onuň ýuwluş aýratynlyklary, boýalyşy, daralyşy, pişge ýasap, sümek çekilişi, süýkdürilişi, gyrasynyň garalanyşy, güllenilişi, nagyşlarynyň doldurylyşy hakynda gyzykly maglumatlar aýdyldy. Zenanlarymyzyň şeýle ussatlyklary, başarjaňlyklary arkaly şu günlere çenli kämilleşip gelen keçe senedimize halkymyzyň islegi gün geldikçe artýar. Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine halal zähmetleri bilen uly goşant goşýan türkmen zenanlarynyň ylahy zehinleri, ukyp-başarnyklary we erjellikleri bilen dörän ajaýyp el işleri diňe bir türkmen halkynda däl, eýsem dünýä ýurtlarynyň raýatlarynda hem aýratyn täsir galdyrýar. Zenanlarymyzyň çeper elleriniň, irginsiz zähmetiniň ajaýyp nusgasy bolan türkmen keçeleri milli gymmatlygymyz bolup halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşýar. Her bir halkyň sünnäläp, syntgylap, timarlap-taraşlap sungat derejesine ýetiren el işlerinde şol halkyň taryhygeçmişi, geljegi, ýürek arzuwy, şöhratly geljege bolan ynamy öz beýanyny tapýar. Ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimiz döwletli ojaklarymyzyň ýaraşygy, toýly günlerimiziň gelşigidir. Zähmet siňdirilip, yhlas bilen kemala getirilýän keçeler diňe bir gözelligi, täsinligi bilen çäklenmän olaryň adam saglygyna berýän peýdasy hem uludyr. Oba ýerlerine baranyňda, uly-uly dalbarlaryň aşagyndaky giň sekileriň üstüni bezeýän dürli-dürli, al-elwan gülli owadan keçeleri synlap göwnüň açylýar. «Keçäniň berk we owadan bolmagyny gazanmak üçin onuň ýüňüniň saýlanylyp alnyşyna aýratyn uly üns bermeli» diýip gyzykly gürrüň beren ussat keçeçi zenanlar keçe üçin köplenç güýz ýüňüniň saýlanylyp, şol bir wagtyň özünde ýaz ýüňüniň hem deň derejede ulanylýandygyny gürrüň berdiler. Ýaz ýüňi reňki gowy alýar, daralanda-da uzyn-uzyn süýümlerden erişler — uçlar çykýar. Ýaz ýüňüniň haly dokamak üçin ulanylan böleginden galanyny keçe taýýarlamakda gereklenýär. Şeýle edilende hem-ä ýüňüň tygşytly bolýar, hem-de gyrymsy ýüňler keçe etmek üçin has amatlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem ýüň saýgysy ýetirilende, mäkäm daralanda keçe berk we sypaýy görünýär. Basymy ýeten keçe bilen basymy ýetmedik keçäniň tapawudy uludyr. Basymy ýeten keçe galyň bolýar. Onuň ýüzünden eliňi gezdireniňde, ol edil bagana sypan ýaly ownujak ýygyrlar bilen örtülen bolmalydyr. Basymy doly ýetmedik keçeler ýumşak we tekiz bolýar. Her bir zähmetiň adamdan yhlas we güýç talap edişi ýaly, keçeleri kemala getirmek üçin hem köp azap çekilýär. Olaryň berkligi we owadanlygy biziň öz elimizdedir. Keçeler gadymy döwürlerden bäri halkyň çuňňur söýgüsine mynasyp bolup, şu günki bagtyýar günlerimizde olar has hem arzyly senede öwrüldi. Keçe güllenilýän wagty aňyrdan gelen adam: «Gülüň owadan!» diýip ýüzlenen-de, keçe ussatlary: «Ýüzüň owadan!» diýip geleni garşy alýarlar. Keçe işinde önümiň sünnäliligine we synçylyga aýratyn üns berilmelidir. Ýüň ýuwlup, reňklenip, daralyp, süýlüp bolansoň, peşmek ýasamak, keçe güllemek işleri başlaýar. Gyragara goýlandan soň, nagyşlaryň içini doldurmak işi dowam edýär. Olara «alagowurdak» ýa-da «kirpik» hem diýilýär. Güllere gyl urmaz ýaly ýaz çüpregini ýa-da darak dişini goýsaň keçäniň reňki dury we owadan bolýar. Bu usul keçe basylanda gowy girmegine-de ýardam berýär. Bu işlerden soň keçäniň arkasyna owadanlyk üçin guzy ýüňüni goýmaly we keçäni gamşa salyp ölläp goýmaly. Bir sagat geçenden soň, düýrüp gamyşda çekmeli. Keçe mazaly keçe sypatyna gelensoň, ilki ýuwaş, soňra ýygy-ýygydan onuň çaltlyk bilen basymyna girişmeli. Has ökde we güýçli saýylýan keçeçiler keçäniň gyrasyny basmaly (sürmeli). Keçe taba gelensoň, keseligine arkydyk etmeli. Arkydyk etmek bilen keçäniň ininiň we boýunyň ölçelen talaba we taba laýyk bolmagy gazanylýar. Ýamaşgan arkydygy alyp basaňsoň, keçe bagana kysmy tygyrdap duran derejä ýetýär. Keçe şu derejä ýetmese göwnejaý hasap edilmeýär. Soňabaka keçe näçe çalt basylsa şonça-da ýeňläp başlaýar. Başujy galyp başlan keçäniň mazaly eýi ýeten hasap edilýär. Türkmençilikde: «Keçesi boldum diýmez, eýesi öldüm diýmez» diýlen sözüň gelip çykmagy hem keçäniň basymynyň näçe köp boldugyça, hiliniň hem ýokary boljakdygyndan, keçäniň azabynyň köplüginden habar berýär. «Keçe göwünli gelniň bolsun!» diýilmeginiň manysy hem keçäniň taba gelmeginiň aňsatdygyndan, kemter ýeriniň sähel kakaňda ýerine barýandygyndan ybaratdyr. Umuman, halkymyzda keçe bilen bagly aýdylýan her bir tymsal durmuş hakykatyndan gözbaş alýar. Keçeler açyk meýdanda işleýän çopandyr çoluklary, işçi-daýhanlary guragyry keselinden goramaga-da ukyplydyr. Ol sowuk we çyg geçirmeýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Keçe basmak işi zenanlaryň başarnyk derejesini tiz ýüze çykarýar. «Aýnada görnen ýaly» diýdirýän, görene mälim bu hünär yhlasyň we zehiniň ölçeg terezisi ýalydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ene-mamalarymyzdan miras galan gadymy hünärlerimize, milli däp-dessurlarymyza ýokary üns berilýär. Biz munuň aýdyň mysalyna «Gülüň owadan!» atly bäsleşikde ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik. Diýseň gyzykly geçen bäsleşigiň ahyrynda onuň eminlerine ýeňijilerini saýlamak ýeňil düşmedi. Bir-birinden ussat bäsdeşleriň arasyndan has ökdeleri öňe saýlandy. Netijede, birinji baýrakly orna Ak bugdaý etrabynyň keçe ussady Güljemal Annaberdiýewa, ikinji orna bolsa Bäherden etrabyndan gelen keçeçi zenan Gurbangözel Amanmyradowa mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine ony guraýjylar tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşikde ýeňiji bolanlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk aldylar. Dürnabat AŞYROWA, ýörite habarçymyz. SURATLARDA: dabaradan pursatlar.
© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021 Email: tzb@online.tm