2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

ELI ÇEPER GELIN-GYZLAR BÄ LEŞDI LER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eşretli durmuşyň hözirini görüp, yhlasly zähmet çekýän eli çeper türkmen gelin-gyzlarynyň sarpasy belent tutulýar. Şeýle bagtyýar döwrümizde ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, urp-adatlarymyza uly üns berilýär. Nepis nagyşlary döretmekde öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezmek arkaly ýaşlarda milli
lybaslarymyza bolan höwesi has-da artdyrmak maksady bilen türkmen zenanlarynyň arasynda bäsleşikler guralýar.
Şeýle bäsleşikleriň biri hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanylyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan bilelikde yglan edilen «Zenan kalbyndan dörän nepislik nusga bolup galsyn ilden-illere» atly bäsleşikdir. Golaýda Wekilbazar etrap medeniýet öýünde bu bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa dürli kärde zähmet çekýän zenanlar we talyp gyzlar gatnaşdylar. Gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslarynyň, on barmagyndan dörän nepis el işleriniň, şaý-sepleriniň, şeýle-de, welaýatymyzyň çägindäki dokma toplumlarynyň öndüren dürli görnüşdäki önümleriniň medeniýet öýüniň girelgesinde guralan sergisi bu ýere ýygnananlarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşige gatnaşanlar milli lybaslaryň we olara salynýan nagyşlaryň taryhyny, gelip çykyşyny çeper beýan etdiler. Şeýle hem bäsdeşler nagyşlaryň taryhyndan dörän rowaýatlary gürrüň berip, ýürek buýsançlaryny şahyrana setirleriň, aýdymlaryň üsti bilen ussatlarça ýerine ýetirdiler. Netijede, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Täzegül Beknazarowa 1-nji, Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň tans goýujysy Bibijemal Yslamowa 2-nji, Baýramaly şäherindäki 9-njy orta mekdebiň halypa mugallymy Jeren Döwletowa 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňijilere TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlardyr gül desseleri hem-de bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine höweslendiriji baýraklar uly dabara bilen gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan gelin-gyzlar türkmen zenanlarynyň el işlerine hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza çyn ýürekden çykýan alkyşly sözlerini joşgunly beýan etdiler.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm