2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

KALBA YLHAM ARKADAGYŇ ESERI

Hormatly Prezidentimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýazan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly gymmatly kitabyny halkymyza peşgeş berdi. Şu günler bu ajaýyp täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryna giň orun berilýär.
Şeýle dabara welaýat häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Wekilbazar etrap medeniýet öýünde hem geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy Aknabat Atabaýewa çykyş edip, dabara gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy bilen gyzgyn gutlady. A. Atabaýewa öz çykyşynda täze kitabyň taryhy ähmiýeti, gadyr-gymmaty barada giňişleýin durup geçdi hem-de Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistan döwleti-
miziň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolandygyny buýsanç bilen belledi.
Soňra TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri, «Gaýrat» medalynyň eýesi Myrat Ataýew, welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarykulyýewa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Kakageldi Çaryýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Seýitmyrat Atamyradow, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň eýeleri — Wekilbazar etrap häkimliginiň bölüm müdiri Annagylyç Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň geňeşiniň kätibi Mamur Ýazyýewa, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň şeýle gymmatly eserleriniň höwrüniň
köp bolmagy arzuw edildi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler dowamly ýaňlandy.
Dabaranyň dowamy belli sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. Bu ýerde Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Kakageldi Çaryýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nowruz Öwezmämmedowyň, ýaş aýdymçylar — etrap medeniýet merkeziniň aýdymçysy Toýly Hommadowyň, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi Amangeldi Esenmyradowyň ýerine ýetiren aýdymlarynda baky Bitarap Türkmenistanymyzyň, eziz Arkadagymyzyň, ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň waspy belentden ýaňlandy. Şeýle-de, «Wekil nagmalary» tans toparynyň joşgunly tanslary hemmelere ruhubelentlik paýlady.
Bahargül MEJIDOHA. «Maru — şahu jahann.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm