2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

«Gülüň owadan!»

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda welaýat tapgyrlaryndan ýeňiji bolup gelen gelin-gyzlar şertleriň üçüsi boýunça bäsleşdiler. Birinji şerte laýyklykda, zenanlar türkmen milli keçesini taýýarlamak üçin ýüň saýlap almak, saýmak, daramak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Zenan maşgala bir işiň başyny tutsa, oňa bütin dünýäsi bilen berilýär. Ine, muňa bu bäsleşikde-de has aýdyň göz ýetirdik. Eli çeper, keçe güllemäge, basmaga ussat zenanlarymyzyň birnäçesi bu bäsleşigiň ýeňijileri boldular. «Gülüň owadan!» bäsleşiginiň aýdym-saza beslenip geçen döwlet tapgyrynda baş baýraga Aşgabat şäheriniň ussat keçeçiler topary mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de Hormat hatlary gowşuryldy

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm