2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

“ Gyz edebi-il edebi “

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Çeňeşiniň hem-de Altyn asyr teleýaýlymynyň bilelikde gurnamaklarynda “ Gyz edebi-il edebi “ atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Milli bilim institutynyň bölüm müdiri Meläýewa Ogulbaýram, Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Owlakowa Ogulnabat, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Kakaýewa Umida, seýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çärä gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň pähim paýhasyndan joşup çykan kitaplaryndan ugur alyp, gelin-gyzlarymyzda türkmeniň millilik, edep-ekramlylyk, watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk, maşgala mukaddesligini terbiýelemek barada çykyş etdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde milli mirasymyza, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza uly orun berilýär.
Çärä gatnaşanlar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TZBMG baş hünärmeni B.Öwekowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm