2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

ÖSÜŞLERIŇ KÄMIL NUSGASY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly beýik özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda, şeýle hem Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gazanan üstünliklerini we uly ösüşlerini wagyz etmekde saldamly goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň agzalary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa babatdaky işlerine işjeň gatnaşýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň tertipnamalaýyn wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmek, öz agzalarynyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak, sport we medeni-köpçülik çärelerini, okuw maslahatlaryny geçirmek we beýleki meseleler boýunça meýilnamalaýyn işler öz wagtynda ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlerde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi öz goşandyny goşýar we degişli işleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek bilen bagly hem-de Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak barada döredilen iş toparlarynyň agzasy hökmünde, şeýle hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzalary bilen bilelikde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň ýanyndaky işçi toparynyň agzalary bolup durýarlar we bu ugurda geçirýän maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar. Mundan başga-da Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini durmuşa geçirmek hem-de goramak baradaky maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ilkinji guramalarynyň, pudaklaýyn Geňeşleriniň, çäk birleşmeleriniň, Milli merkeziň üsti bilen Tertipnamalaýyn işleri amala aşyrýarlar, Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiliginiň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar, şeýle hem öz agzalaryna maddy arkalaşyk kömegini berýärler, jemgyýetde sagdyn durmuşy, ruhubelentligi, päkize ahlaklylygy, agzybirligi we jebisligi berkarar etmäge gatnaşýarlar.

Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan joşup çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitap ildeşlerimiz tarapyndan giňden öwrenilmegi nesillerimizi Watançylyk ruhunda we belent ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde ýol-ýörelge, şamçyrag bolup hyzmat edýär.

Türkmen halky maşgala gymmatlyklaryna, milli terbiýä, milli ýörelgelere aýratyn ähmiýet berýär. Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmek, maşgalalary durmuş taýdan goramak, maşgala gatnaşyklaryny üpjün etmek, nesilleriň üznüksiz baglanyşygyny dowam etdirmek babatynda hem toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Köp asyrlyk taryhy bolan türkmen halkynyň edepli-ekramly, gujurly-gaýratly, akylly-paýhasly nesilleri terbiýelemek adatlaryny, maşgala mukaddesligini gorap saklamakda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň toplan baý mirasyny, milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesillerimize ýetirmek, maşgala mukaddesligini, ene-ata, zenanlarymyza goýulýan hormat-sylagy wagyz edýän maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan bäsleşikleri, duşuşyklary hem-de wagyz işlerini yzygider geçirýärler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň agzalary Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleriniň durmuşa geçirilmeginde öz mynasyp goşandyny goşýarlar. Sarpasy Belent Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gurbangül ATAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

https://tkamm.gov.tm/tm/content/11768

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm