2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Öňde möhüm maksatlar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde goýýan anyk maksatlary we wezipeleri düzümlerde tertipnamalaýyn işleri kämilleşdirmekde, täze iş usullaryny durmuşa ornaşdyrmakda möhüm ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Geçen ýylyň aýagynda döwlet Baştutanymyz bu meseleler bilen baglanyşykly geçiren iş maslahatynda Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, oba-senagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen işleri güýçlendirmek, «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmek, ýaş hünärmenleri zähmete höweslendirmek, zähmeti goramak, howpsuz iş şertlerini döretmek, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleri, okuw maslahatlaryny, duşuşyklary geçirmekligi aýratyn nygtady. Bular boýunça eýýäm welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri öz öňlerinde möhüm maksatlaryň birnäçesini kesgitlediler.
Jumagül AÇYLOWA, Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň kätibi:
— Ýurdumyzda zähmet çygryny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak arkaly zenanlaryň erkin zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, ýaş nesli ylym we hünär taýdan hemmetaraplaýyn taýýarlamak. milli ruhy-ahlak ýörelgelerimiz esasynda halal, päk ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer ynsanlary terbiýelemek ugrunda möhüm ähmiýetli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şundan ugur alyp, edara-kärhanalarda işgärleriň hünärlerini ýokarlandyrmaklyga, döwrebap zähmet şertlerini we mümkinçiliklerini döretmeklige. şol sanda zenanlaryň öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmeklige we ýaýratmaklyga. zähmet kanunçylygy boýunça bilim-düşünjelerini artdyrmaklyga, zähmeti goramaklyga we tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny berjaý etmeklige gönükdirilen çärelere aýratyn üns berýäris. Bu bolsa durmuş hyzmatdaşlygy ulgamyny sazlaşykly ýola goýmakda, zähmetkeşleriň, şol sanda zenanlaryň durmuş-zähmet meselelerini içgin öwrenmekde we olara durmuş goldawyny, hukuk kömegini, maslahatlaryny bermekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurlarda üstünlikli ýola goýulýan işler edarakärhanalarda zähmet çekýän işgärleri has hem netijeli işlemäge höweslendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda adam hukuklary, şol sanda zenan hem-de çaga hukuklary doly kepillendirilendir. Ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri bilen bilelikde zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmaklyga, kanuny hukuklarynyň we bähbitleriniň has netijeli amala aşyrylmagyny gazanmaklyga. gelin-gyzlaryň syýasy-jemgyýetçilik we hünär işjeňligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen asylly işleri yzygiderli dowam etdirýäris.
Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda geçiren maslahatynda bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp üstümizdäki ýylda kärhanalarda we edaralarda zähmeti goramak hem-de işiň howpsuz şertlerini üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrýan hukuk namalaryny halkyň arasynda düşündirmek maksady bilen çäreleri, Türkmenistanyň Zähmet kanunçylygynyň ähmiýeti barada yzygiderli okuw maslahatlaryny geçirmegi göz öňünde tutýarys. Şeýle hem ýaş hünärmenleri zähmete höweslendirmek, ýaşlaryň arasynda ozaldan gelýän maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek boýunça degişli meýilnamalaryň üstünde işleýäris. Şeýle hem zenanlara ylmy we telekeçilik işlerinde ýardam bermek, Zenanlar birleşiginiň agzalarynyň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak hem-de aýal-gyzlaryň işjeňligini gazanmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp. beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde deputat we hukukçy zenanlaryň gatnaşmaklarynda gyz-gelinleriň arasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi, zenanlaryň hukuklary we borçlary, maşgala mukaddesligi, ahlak terbiýesi baradaky söhbetdeşlikleri yzygiderli geçirmegi maksat edinýäris.
Bagtyýar DERKAROW, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:
— Partiýamyzyň agzalary ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine we oba-senagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýän maksatnamalary, wezipeleri halkyň arasynda giňden düşündirmek işlerine işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyz boýunça oba hojalyk önümçiligini bazar gatnaşyklaryna geçirmek, ýeriň hakyky eýelerini tapmak, pudaga hususy eýeçiligi giňden çekmek, daýhanlar üçin amatly şertleri döretmek boýunça zerur işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa oba hojalyk toplumyny ylmy esasda düýpli özgertmäge şertleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatynda oba hojalyk işgärlerini, daýhanlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň merkezi geňeşiniň öňünde-de birnäçe wezipeleri goýdy. Şeýle hem maslahatda ýurdumyzy agrar döwletliginden senagat taýdan ösen döwlete öwürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ilata giňden düşündirilmelidigi aýratyn nygtaldy.
Biz kesgitlenilen wezipelerden ugur alyp we anyk netije çykaryp, işleriň depginini güýçlendirmek ugrunda aladalanýarys. Ekerançylygyň we maldarçylygyň milli däplerini ýaş nesle öwretmekde degişli işleri alyp barmak, obalarda täze iş orunlaryny döretmek boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmak boýunça oba senagat toplumynda maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdirmäge mynasyp goşandymyzy goşarys.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm