2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

“2021-NJI ÝYL, TÜRKMENISTAN-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda “2021-nji ýyl, Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ ýyly mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahaty Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow alyp baryp, onda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Gurbangül Ataýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Bäşim Annagurbanow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Saparmyrat Owganow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Atajan Burunow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Ruslan Abdyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işleri boýunça prorektory Begenç Mätliýew çykyş etdiler.

https://tkamm.gov.tm/tm/content/11806

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm