2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ NUSGALYK ESERLERI-ROWAÇLYGA BADALGA” ATLY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de “Miras” Teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “2021-nji ýyl, Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli “Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri - rowaçlyga badalga” atly söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşligi “Miras” teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we alyp baryjysy Annasoltan Nunnakowa alyp baryp, onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Geňeşiniň başlygy Ogulbahar Allanazarowa, Aşgabat şäheriniň 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Aýsona Allaberenowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň esasy kitaphanaçysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Dursun Myradowa çykyş etdiler.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm