2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

“GURŞAP ALÝAR BU GÜN ULY DÜNÝÄNI, PARAHATLYK YNANYŞMAK WATANY” ADY BILEN AÝDYM-SAZLY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen “Miras” Teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “2021-nji ýyl, Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli “Gurşap alýar bu gün uly dünýäni, Parahatlyk ynanyşmak Watany” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligi “Miras” Teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we alyp baryjysy Oguljahan Gurbanowa alyp baryp, onda Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň esasy kitaphanaçysy Allaberenowa Arzuw, Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitap saklaýjysy Meredowa Merjen, Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Akmämmedowa Maýa çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Konserwatoriýasynyň uly mugallymy dutarçy Aýgül Ýagşyýewa bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti Gülşirin Annamyradowa aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm