Zenanlara sarpanyň hukuk esaslary

        Adam hukuklary babatda syýasatyň esasy ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi zenanlaryň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün edýär we olaryň erkekler bilen bir hatarda syýasy, ykdysady, durmuş, medeni we beýleki ulgamlarda adam hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmagy üçin döwlet kepilliklerini belleýär. «Aýallaryň deňhukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwletde aýallaryň hukuk ýagdaýynyň has-da kämilleşmegine itergi berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Maşgala, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak kodeksleri, Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda, Bilim hakynda we beýleki birnäçe Kanunlarda aýallaryň deňhukuklylygyny üpjün etmek babatda kadalar berkidilendir.

Ýurdumyzda zenanlar babatda döwlet syýasatynyň umumy strategiýasy umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary bilen utgaşýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, erkekler we zenanlar üçin birmeňzeş mümkinçilikleri döretmek, birmeňzeş hukuklar we azatlyklar ýörelgesini amala aşyrmak şol syýasatyň baş maksady bolup durýar. Türkmenistanda gender işini ösdürmek dowam edýär. Gender deňligini gazanmak, maşgala, enelik, zähmet we zenanlary hemmetaraplaýyn goramak ýaly sosial institutlary berkitmäge gönükdirilen ykdysady, durmuş, medeni, guramaçylyk we beýleki çäreleri iş ýüzünde amala aşyrmagy çaltlandyrmak boýunça maksatnamalarda meýilleşdirilen çäreler bir maksada gönükdirilip durmuşa geçirilýär.

2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykarylan Karar bilen, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu Meýilnama erkekleriň we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna deň derejede gatnaşmagy üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn resminama bolup durýar. Resminama gender deňliginiň meseleleriniň çözülmegi üçin ýörite çäreleriň has köp talap edilýän ýerlerini kesgitlemek, has täsirli we uzak wagtyň dowamynda täsir etmek üçin hereketleri teklip etmek we olaryň netijelerini anyklamak, bar bolan durmuş, syýasy, ykdysady, medeni ulgamlara we kadalara täsir etmek üçin gender deňligine ähli çäreleriň we çözgütleriň kabul edilmeginiň öňegidişliginiň aýrylmaz bölegi hökmünde garamaga mümkinçilik berer.

Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň maksady, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji we wekilçilikli edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň jyns alamaty boýunça hukuk kemsitmeleriniň ýüze çykmagyna ýol bermezlige gönükdirilen hereketleriniň utgaşdyrylmagy bilen, gender deňliginiň üpjün edilmeginden we durmuşyň ähli ulgamlarynda aýallaryň we erkekleriň şahsy mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegini üpjün edýän şertleriň döredilmeginden ybaratdyr. Meýilnama milli derejede ileri tutulýan ugurlara we ýurdumyzyň bähbitlerine esaslanýar hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen maksatnamalaryň we özgertmeleriň goldanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz: «Maşgala baý boldugyça, jemgyýet hem baýdyr» diýip bellemek bilen, maşgalanyň hal-ýagdaý derejesini we abadançylygyny ýokarlandyrmak, eneligi we çagalygy döwlet tarapyndan goldamak wezipelerini kesgitledi. Ýurdumyzda ruhy-ahlak köklere eýermek bilen, maşgala gatnaşyklaryny aýap saklamaga, zenanlaryň hukuklaryny we mertebesini, olaryň saglygyny goramaga, döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ynsan nesliniň dowam etmeginde zenanyň orny we adamzat üçin eneligiň ähmiýeti hemmeler tarapyndan ykrar edilýär. Şu nukdaýnazardan hem döwlet aýallara goşmaça hukuklaryň we azatlyklaryň uly toplumyny kepillendirýär we şol hukuklaryň amala aşyrylmagy üçin ähli zerur şertleri üpjün edýär. Aýal-gyzlaryň zähmetini goramak Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 241 — 249-njy maddalary bilen düzgünleşdirilýär. Agyr we zähmet şertleri zyýanly işlerde aýallaryň zähmetini ulanmak gadagan edilýär. Şeýle hem gijeki işe çekmäge aýratyn zerur bolup durýan pudaklardan we wagtlaýyn çäre hökmünde aýallaryň zähmetini ulanmaga rugsat berilýän pudaklardan beýleki ýerlerde berilmeýär.

Ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň we tutuş jemgyýetiň ösüşiniň ýagdaýyny açyk häsiýetlendirýän Türkmenistanyň saglygy goraýşyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna eneligi we çagalygy goramak hem degişlidir. Bu ugra aýratyn üns berilýär. «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanda enelik döwlet tarapyndan goralýar we höweslendirilýär. Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde gurlup ulanylmaga berlen «Ene mähri» merkezlerinde diňe ýaş çaganyň saglygyny däl-de, eýsem eneleriň hem saglygyny goramakda oňaýly şertler döredilýär. Köp çagalylyk jemgyýetiň durmuş taýdan abadanlygynyň we onuň ertirki gününe ynamlylygynyň alamatydyr. «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy enä uly hormat goýmagyň, oňa tagzym etmegiň, türkmen jemgyýetiniň agzybirliginiň we sazlaşykly ösmeginiň arkadaýanjy, maşgala ojagyny saklaýjy mukaddeslige garalyşy ýaly garamagyň alamatydyr.

Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler aýallaryň hukuklaryny goramaga degişli halkara konwensiýalarynyň esasy düzgünlerine laýyk gelýändigini, milli kanunçylygymyzyň kadalaryny ýerine ýetirmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen işiň alnyp barylýandygyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda bu babatda öňde duran belent maksatlara ýetmekde aýallaryň möhüm ornuny nazara alyp, uly ösüşler we demokratik özgertmeler ýoly bilen berk we ynamly gadam urulýandygynyň anyk beýanydyr.

Kümüş HAÝDAROWA

 Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň uly ylmy işgäri.

05.03.2015ýyl

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com