Altyn sümmülleriň aýdymy

       Ýakynda hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna iş saparynda bolan mahaly Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda kärendeçiler Jumamyrat Begmyradow hem-de Gülbahar Hudaýberdiýewa dagy bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň Lebap topragyna saparynyň barşynda Serdarabat etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginde ene toprakdan bereketli hasyl ýygnaýan kärendeçiler R.Bäşimowyň, G.Joraýewanyň ekin ýerine baryp, olaryň iş şerti bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz bilen ýüzbe-ýüz bolup görüşmek bagtyna eýe bolan kärendeçileriň özlerine şeýle bagtyň nesip edenine begençleriniň çägi ýok.

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda daýhan yhlasyndan bol hasyl toplan ak ekinler öz hasylyny sahylyk bilen eçildi. Öz rysgalyny, döwletini mähriban toprakdan tapan kärendeçilere ykbal bu günki gün ýylgyryp bakdy. Şeýle kärendeçileriň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Maldarçylyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Orazgül Annamyradowadyr. Biz hem žurnalymyzyň şu sanynda ussat kärendeçi zenanyň halkymyzyň bagtyýarlygynyň kepili bolan azyk bolçulygyna goşýan goşandy dogrusynda söhbet açýan makalany okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.

Oklaw ýaly giň ýoldan süýnüp barýan ulagymyzyň aýnasyndan altynbaş bugdaýly meýdanlary synlap, ene topragyň bu rysgal-berekedine guwanyp barşymyza, Gökdepe etrabynyň «Maldarçylyk» daýhan birleşigine nädip ýetenimizem duýmandyrys. Kärendeçi zenan Orazgül Annamyradowanyň bugdaýly meýdanynyň gyrasynda aýak çekdik. Säher bilen bugdaý oragyna bismilla eden kärendeçi zenanyň armasyny ýetirdik.

— Çäjiňize bereket Orazgül gelneje! Armaweriň!

— Ömrüňize bereket! Şu ýylyň hasyly öňkülerden has bol görünýär. Nesip bolsa, hasyly artygy bilen alarys — diýip, dok däneleri aýasynda saklap duran kärendeçi zenan ynamly gürledi.

Säher şemalyna başyny yrap, birenaýy owaz edýän bugdaýlar daýhan gelniň aýdanlaryny tassyklaýan terzde baş egýärdiler. Şol pursat bugdaý dänelerinden dag döräp, onuň ak unundan taýýarlanylýan, ynsan ýaşaýşynyň barlygy, mukaddes saçaklarymyzyň baýlygy bolan mele-myssyk çöregi diýsene. Türkmeniň guşgursak ak bugdaýyndan ýugrulyp-ýasalyp, keramatly tamdyrdan ýakymly müşki bilen, nurana Gün ýaly ýalbyrap çykýan çöreklerimiziň bolçulygyň, rysgal-berekediň çeşmesidigi hakyndaky hakykat kalbymda ene topragymyza bolan buýsanjy ýene bir gez beýgeltdi.

Orazgül uzaklardan seredeniňde göz gamaşdyryjy tyllaýy güneşi ýada salýan bugdaýly meýdanlaryň mährinden synlap doýup bilenokdy. Belki, bu onuň indi 34 ýyldan bäri ene toprak bilen bagry badaşanlygyndandyr. Belki-de, nygmatlar başy bolan mukaddes çöregiň döwletli ojaklara paýlaýan rysgal-berekedinde öz ujypsyzja zähmetiniň hem bolmagyndadyr. Asyl, adamsy Atageldi hem indi 40 ýyldan gowrak wagt bäri mele topraga hyzmat edip ýör. Daýhançylyk bilen bagry badaşan bu agzybir maşgalada kemally perzentleriň 6-sy terbiýelenýär. «Işleseň, il tanar» diýleni. Bu maşgala zähmetsöýerligi, işjanlylygy bilen obadaşlarynyň arasynda uly hormat-sylaga mynasyp.

Daýhançylygyň abyny-tabyny alyp, baý tejribe toplan Orazgül 2013-nji ýylyň netijesi boýunça ýokary hasyl alyp, «Gaýrat» medaly bilen sylaglandy. Bu ýokary sylag kärendeçi gelniň gaýratyna gaýrat goşdy. Ony öňküden-de yhlasly, ýokary öndürijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Gün nuruna meýmireýän ýaly başyny aşak salyp oturan bugdaýly meýdany buýsançly synlaýan zenan:

— Asyl üstünligem, at-abraýam öz-özi gelmeýän eken — diýdi-de, birdenem, çuňňur oýa batdy.

...Gaýyn öýüniň gapysyndan giren gyzyl kürteli gelniň: «Rysgally maşgala bolsun!» diýlip, sag eli ak una batyryldy. «Ýagşy niýet, ýarym döwlet» diýleni. Çagalykdan ene topraga yhlas eden gyz gelin bolup düşen öýünde-de boş oturmady. Gaýynenesiniň: «Jan gyzym, sen çagalaryň bilen bol. Mellegiň işini özümiz ederis» diýenine-de bakman, ir säher turup, ekinlerini haşal otlardan arassalamaga durdy. Boş wagtlarynda el işlerine-de güýmenýän gelniň öwgüsini ýetiren goňşularyň:

— Alla köp görmesin, Orazgül jan-a, tüweleme, eli çeper, güllän keçesi dagy läle ýaly owadan — diýmesine ene begenjinden bir gez beýgeldi.

Bagtyýarlyga beslenen şeýle ýakymly günler kerwen gurap geçip durdy. Çagalar ese-boýa galyp, kömege ýetişdi. Bir gün Orazgül keçe gülläp oturan ýerinden gaýynenesine söz gatdy:

— Enesi, menem Atageldiniň ýanynda işläýsem diýýän. Öý-içeriniň işine gyzlar kömekleşer, oglanlar mal-gara bilen bolarlar. Kärendesine ýer alyp, pagtadyr bugdaý ekäýsek, gowy bolardy...

Ene birbada sesini çykarmady. Aradan salym geçmänem:

— «Iki aýakly — iki günde» diýleni, gelin jan. Basym çagalaryň hem kömegi ýeter. Bu wagt ene ýere yhlas eden daýhana döwlet tarapyndan hem kömek berlip dur. Dökün-suwuň ýetmezçiligi ýok. Öz wagtynda nagt hasaplaşyk geçirilýär. Goňşymyz Dursunjemal dagy geçen ýylyň hasylyndan ulag edindi. Senem bu işleri ýaňy gören däl. Daýhan maşgalasynda önüp-ösen gyz. Özüňem şeýle yhlasly. Işiňiz ugruna bolup gider, enşalla — diýip, ene ak pata berdi.

Ilki ýyllar göwnündäki ýaly hasyl alyp bilmänsoň, Orazgül aljyrajak ýaly etdi. Ýöne işden elini sowatmady. Gaýtam, öňküsinden-de yhlasly boldy. Öý-içeriden, çagalarynyň aladasyndan dynç bolansoň, ol säher bilen meýdana gidenden giç agşam öýe dolanardy. Ýylyň ähli paslynda-da elinden iki gulakly pilini düşürmezdi. Giň meýdanyň o başyndan bu başyna çenli ýaltanman aýlanyp çykardy. Niresi pes, niresi beýik, bu zatlary ýüzüniň ugruna düzedip giderdi. Şol yhlasy hem kärendeçi gelne abraý getirdi.

Bu zatlary ýatlan Orazgül yhlasynyň ýerine düşenine begenip, gözüne ýaş aýlady. Dok dänelerini güjeňläp oturan tylla sümmüller ýurt dynçlygynyň, il bolçulygynyň nyşany bolup göründi. Bir gysym dänäni harpykdan saýlap agzyna atanda ýene-de bir zat ýadyna düşen ýaly, myssa ýylgyrdy. Ene topragyň mähri siňen bugdaý däneleri Orazgülüň hakydasynda çagalyk ýyllaryny dikeltdi. Mekdep ýaşyna ýetmänkä o-da özi ýaly gyzjagazlar bilen bugdaýly meýdana hoşa çöplemäge giderdi. Uçup barýan guşlaryň topary ýaly bolup, bugdaýly meýdany dolduran gyzjagazlar öz aralarynda: «Kim köp çöplemeşek» ederdiler. Şol ýerde-de Orazgül öňdeligi bermezdi. Onuň çöplän hoşasy hemmesiniňkiden köp bolardy. Şonda bir gezek gyzjagazlaryň biri: «Senden az çöpläp öýe barsak, bize ejemiz käýär. Gel, seniňkiniň artygyny iýeli» diýipdi. Orazgül şonda birinji gezek bugdaý dänesini iýip görüpdi.

— Bu ýöne bugdaý däl, bular zer, dür däneleri. Bugdaýyň ýekeje dänesini yrýa etmän ýygnamak daýhanyň borjy. Altynbaş bugdaýlaň ygşyldy sesine diň salyp görüň, ol ses bolçulygyň alamatydyr. Ol bagtyýar döwrümiziň altyn şuglasy bolup köňüllerimize joşgun berýär.

Kärendeçi zenanyň bu sözlerinde ene topraga bolan söýgi, zähmete bolan uçursyz yhlas jemlenipdi. Orazgüli ýeňişli ýollara atarýanam şu göwün galkyndyryjy sözlerdi, öz zähmetine bolan ynamydy. Ol ogul-gyzlaryna-da zähmetiň ynsan ogluna bagyşlaýan eşreti barada gürrüň berýärdi. Şeýlelikde, ol öýde çagalaryny hamraklyk bilen bagryna basyp, aýal hem ene boldy. Ekin meýdanlaryna baryp, bilini berk guşap, ýer depende, kätmen uranda, erkek adamlar bilen zähmetde bäs edişdi. Alty çaga alty ýerden beren durmuş soraglaryna gaýratly enäniň nusgalyk göreldesinden jogap tapdylar. Maşgala bolup bir saçagyň başyna üýşülende, maslahat salýan çagalaryna ýüzlenip, ilki bilen: «Hany, kakaň näme diýýär, ilki kakaňyza bir sala salaly» diýip, erkek kişiniň abraý-mertebesini galdyrmagy, onuň enelik sylag-hormatyny has-da artdyrdy. Atanyň öwüt-ündewleri, enäniň görüm-göreldesi bilen kemala gelen ogullaryna gyz bermek, sary maýa ýaly gyzlaryny gelin edinmek isleýänler köpeldi. Şeýdip, ak bagtyny diläp durmuşa çykaran gyzlary, ogullaryna alan gelinleri hem baran ýerlerine garyşyp gitdiler.

Orazgülüň maňlaý deriniň siňen mele topragy bu gün toý lybasynda. Zerli köýnegini geýip toýa taýýarlanýan ulugyzlar ýaly lowurdap duran altyn sümmüllerden gözüňi aýrasyň gelmeýär. Guşgursak dänelere siňe sereden ene içki duýgularyny daşyna çykardy: «Gurbanyň bolaýyn, eziz topragym! Sen meniň daýanjym hem guwanjymsyň. Saňa maňlaý diräp, bagta ýetdim men...»

Ýuwaşja öwüsýän säher şemaly bugdaýly pelleri ikiýana yraýardy. Sümmülleriň birenaýy şygyrdysy göýä ene topragyň bakylyk aýdymy ýaly bolup eşidildi…

"Zenan kalby"

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com