Bahar keşdeleri

Iki ýyllyk iş tejribesini geçensoň, eline ýokary okuw mekdebiniň diplomyny alan gyz öýlerine howlukdy. Bu wagt onuň serinde müň pikir bardy. Iň esasy bolsa, ýüregine berk düwen hyýaly Bahargüle ynjalyk bermeýärdi. Ol öýe gelende howluda kakasy garşy aldy.

— O-ho, oglum, (ol gyzyna oglum diýip ýüzlenmegi kada öwrüpdi) gutlamalymy?

— Hawa, kaka jan, ynha, diplomym.

— Onsoň, ýene-de şol öňki ýeriňde işiňi dowam etdiriberjekmi?

Bahargül kakasyna jogap berip ýetişmedi. Şol wagt howla çykan Aksoltan ýeňňe gelip gyzyny gujaklady.

— Düşümli bolsun, gyzym!

Bahargül göwnüne düwen pikirini nädip aýtjagyny bilmän aljyrady.

— Men-ä el hünärine, keşde-nagyş işlerine, hususyýetçilige baş goşaýsam diýýän...

Gyz ene-atasynyň ýüzüne soragly bakdy. Bu gürrüň soňra çaý başynda dowam etdi. Çarymyrat aga arkaýyn gürledi:

— Oglum, telekeçilik gowy iş. Häzirki döwürde onuň ösdürilmegine döwlet tarapyndan hem uly goldaw berilýär. Ýöne seniň saýlap alan ugruň hem örän gowy ugur ahyryn. Mugallym tüýs döwrüň gerek adamsy. Ýöne ýüregiňe düwen bolsaň, synanyşyp gör. Ýogsamam, entek belli karara gelme-de, ýene-de oýlan.

— Men oýlandym kaka, aslynda-ha, gaty köp, ýyllarboýy oýlanyp gelýän. Türkmeniň milli nagyşlarynyň, keşdeleriniň, zenan lybaslarynyň ählisiniň gymmatynyň peselmejekdigine, olaryň uly geljeginiň bardygyna ynanýan.

— Onyň-a söz ýok. Ýöne seniň baş goşmakçy bolýan ugruň gaty köp ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr. Serişde binýady, işçi güýji, hil derejesi, bazar... Inçeden düzülen köken ýalydyr, hemmesinem sazlaşykly alyp gitmelisiň. Sen birden ýalňyşaýma, oglum.

Bu sözleri aýdyp, Çarymyrat aga dymdy. Bahargül ony kakasynyň nowbahar gyzynyň islegine berlen sessiz ak pata diýip düşündi. Kiçiliginden el hünärine höwesli gyzyň juda özüne göwni ýetýärdi. Ýapyşan işiniň aňyrsyna çykyp bilýän ussat boljakdygyna ynamy bardy. Ine, şol polat ýaly ynam, mizemez erk hem ony şu ýola atarypdy. Her neneň kynam bolsa, güzaplam bolsa, yza dönmeli däldigine Bahargülüň akyly çatýardy. Onuň millilige teşne kalbyny beýik işleriň joşguny gaplapdy. Bu işde oňa türkmen zenanyna mahsus yhlasy, gadymdan gelýän inçe sungata bolan höwesi, iň esasy bolsa, ýiti zehini kömek etdi.

Bahargülüň ýanyna sargyt bilen gelýän gelin-gyzlaryň sany artýardy. Esasanam, owadan kürteleriň hyrydary artyp başlady. Keşdeçi zenan işini toplumlaýyn esasda ýola goýdy. Ol haýsy reňkdäki kürtäni taýýarlasa, şol reňkdäki keteniden gelin köýneginem, çabydam tikdirdi. Onuň bezeg şaýlarynam özi saýlady. Kürtä sap ýüpekden içlik goýmagy adaty endigine öwürdi. Indi Bahargüle kömekçi zerur bolup başlady. Ol garyndaş-kowumdan tikin-çatyn edýän gyzlaryň birkisini ýanyna aldy. Soňra kem-kemden olaryň sany köpeldi. Şeýlelik bilen, «Bahar keşdeleri» ady bilen açylan hususy kärhananyň işi il içinde adygyp ugrady. Keşdeçi zenanlar kürte, çabyt, köýnek, hatda gelniň geýjek köwşüniň bezegini hem özleri taýýarlap başladylar. Bularyň taýýarlaýan lybaslaryna ýakyndan, alysdan isleg bildirýänleriň sany artdy. Olaryň gyzyl, ýaşyl, sary, ak keteniden taýýarlaýan gelin lybaslary durmuşa çykýan gyzlaryň köňül arzuwyna öwrüldi.

— Gyzlar, durmuş toýy her bir gyzyň ömürlik ýatda galýan pursadydyr. Olaryň bagtly durmuşa gadam basýandygyna güwä geçýän şatlykly gündür. Her bir gyz şol gün geýen lybasyny bütin ömrüne ýatdan çykarýan däldir. Toý lybasy hasyl bolan arzuwyň nyşanydyr. Şonuň üçin hem biz işimizde hiç hili säwlige ýol bermeli däldiris. Bu inçe işe girişeniňizde başga pikirleri birýana goýup, diňe işiňize berliň...

Bu «Bahar keşdeleri» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Bahargül Çaryýewanyň şägirtlerine gündelik edýän sargydy. Halkymyzyň arasynda asylly işleri bilen adygan hususy kärhana soňra ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agzalyga kabul edildi. Bir günem Bahargüle paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçirilýän halkara sergisine gatnaşmagy teklip etdiler. Şol gün ol gaty ir oýandy. Dessine taýýar bolup, sergi geçýän ýere tarap ugrady. Bahargül gyzlar bilen lybaslaryny ýerleşdirip, başagaý bolup ýörşüne ejesiniň gelenini-de duýmady. Işjanly zenanyň içki galagoplulygy aýrylanokdy. «Nähili bolarka, birinji gezek gatnaşýarys. Biziň zähmetimize nähili baha bererkäler?!» diýen oýlar oňa ynjalyk bermeýärdi. Şonuň üçin ol bu pursat ejesiniň ýanynda bolanyna begendi.

Serginiň açylyş dabarasyndan soň, ýakyndan-alysdan gelen myhmanlar Sergi köşgüniň içine aýlanyp, oňa bezeg berýän dürli önümler bilen tanşyp başladylar. Olar türkmen hususyýetçiliginiň ýeten derejesini haýran galmak hem guwanmak bilen synlaýardylar. Bahargülüň bölümine gelen daşary ýurtly zenan bu ýerde eglendi.

— Aýtsaňyzlaň, bu şekilleri siziň özüňiz oýlap tapdyňyzmy?

Garaşylmadyk sowala telekeçi zenan aljyraňňy jogap berdi:

— Meniň oýlap tapanlarym-da bar. Ýöne bularyň hemmesiniň diýen ýaly binýady gadymy döwürlerde goýlupdyr, biz olary häzirki döwrüň ruhuna laýyk getirmäge çalyşdyk.

— Bu şekilleriň hersiniň ady bar diýýärler, şol dogrumy?

— Hawa, ýöne bulara şekil däl-de, goçak diýilýär. Ynha, bu goçaga «arman», muňa bolsa «saýlan» diýilýär.

— Ol nämäni aňladýar? El işinde-de arman bolup bilýärmi?

— Bu işler halkyň durmuşyny, döwrüni beýan edýär. Durmuşda-da näme, armanam bolup biler, arzuwam. Gadymy döwürlerde gelin-gyzlar ýürek arzuwlaryny nagyşlara geçiripdirler. «Arman» goçagy hem kalbynyň töründe arman galan zenanyň elinden çykan goçak bolmaly. «Saýlan» goçagy bolsa, iň kyn hem örän çylşyrymly, asyl keşdeçileriň hemmesine ony hakyky bolmalysy ýaly edäýmek başardyp duranok. Edýärlerem welin, öwrüminde ýa bolmasa, sanjymynda garaz, bärden gaýtmalar ýüze çykaýýar. Diňe zehini daş ýarýan keşdeçileriň işi bu. Onuň ady hem şondan gelip çykandyr.

Bahargül gürrüňini tamamlanda bu ýerde myhman zenandan başga-da köp adamlaryň durandygyny gördi.

Bu bölümde türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň, zenan kalbynyň mähriniň, zehininiň dabaralanmasy öz beýanyny tapypdy. Lybaslar dünýäsiniň gözelligini, nepisligini görmäge göz gerekdi. El hünäriniň inçe tilsimlerinden kemal tapan nagyşlarda, keşdelerde gadymy ýörelgeler bilen häzirki zaman ruhy jemlenipdi. Nepis lybaslardaky gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş şekillerde gözüň eglenýärdi. Sergä gatnaşanlar çeper elli zenanlaryň döreden nagyşlaryna ýokary baha berdiler. Serginiň jemine bagyşlanan maslahatda bolsa, «Bahar keşdeleriniň» işi hem uly kanagatlanma bilen bellenildi.

Baharyň özüne bildirilen ynama hoşallygynyň çägi ýokdy. Zenan kalby ganat baglap, al-asmana göterilsem diýýärdi. Göwnüne bolmasa, häzir dünýäde ondan bagtly ynsan ýok ýalydy. Işine has yhlasly ýapyşan Bahargül soňra keşdeleriň, lybaslaryň täze görnüşleriniň üstünde işledi. Şeýlelik bilen, häzirki günde bu hususy kärhanada işleýän zenanlaryň sany 60-a golaýlady. Paýtagtymyzyň «Paýtagt» söwda merkezinde we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Söwda merkezinde bolsa, bu hususy kärhananyň ýörite dükanlary işleýär. Çeper elli gelin-gyzlaryň taýýarlaýan ajaýyp milli lybaslary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary döwletlerde hem tanalýar. «Bahar keşdeleri» dostlukly döwletlerde geçirilýän halkara sergileriň hem birnäçesine gatnaşyp, türkmeniň çeper el sungatynyň dünýä ýaýylmagyna goşant goşup gelýär. Bu asylly işleri göz öňünde tutulyp, Bahargül «Watana bolan söýgüsi» diýen medal bilen sylaglandy. Işewür zenanyň senaly dilinde ene-mamalarymyzyň asylly zähmeti bilen asyrlar aşyp gelýän bu inçe sungatyň dünýä ýüzünde beýik şöhrata, abraý-mertebä eýe bolmagyna giň ýol açýan mähriban Prezidentimize çäksiz alkyşlar bar.

"Zenan kalby"

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com