2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

RYSGAL-BEREKETLI AJAÝYP DIÝAR

Ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýokary zähmet üstünliklerine, taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary zähmet üstünlikleri gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly, oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde, häzirki döwürde dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary boýunça gowy netijeler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyz adam hakynda aladany ilkinji nobatda goýmak bilen, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokary götermekde yzygiderli alada edýär. Şeýle-de raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklary, talyp haklary, kömek pullary 10 göterim ýokarlandyrylýar. Halkyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň üpjünçiligi hemişe gözegçilikde saklanylýar.

Geçen ýylda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýokary netijeler gazanyldy. Ýurdumyzyň babadaýhanlary halkymyzyň esasy azyklyk önümi bolan ak bugdaýyň 1 million 476 müň tonnadan gowrak, pagtanyň 1 million 280 müň tonnadan gowrak möçberlerini ýygnap, Watan öňündäki döwlet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösmegi we berk binýatly döwleti gurmak hem-de halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmak barada yzygiderli alada edýär. Şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň wezipeleýin alyp barýan işleri bilen tanyşmak hem-de olaryň öňünde duran möhüm wezipeleri kesgitlemek maksady bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň raýatlaryň kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramakda tertipnamalaýyn işleri, Zenanlar guramasynyň alyp barýan işleri, halkymyzyň agzybirligini,

jebisligini pugtalandyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekde alnyp barylýan işler barada hasabat çykyşy diňlenildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriň goldamagynda kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, indi birnäçe ýyllardan bäri her ýylyň gelşine we many-mazmunyna görä, halkymyz bilen maslahatlaşylyp, geljek ýyla mynasyp atlaryň dakylmagy däbe öwrüldi. Ýenede halkymyzdan gelip gowşan teklipler goldanylyp, 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy Bu ýylda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz milli baýramlarynyň naýbaşylarynyň biri bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly dabaralar bilen agzybirlikde baýram eder.

Goý, 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ýurdumyza, her bir maşgala rysgal, döwlet, bereket, agzybirlik, parahatçylyk we saglyk getirsin!

Berdimyrat ROZYÝEW, Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

https://tkamm.gov.tm/tm/content/11990

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm