2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

IŞDE WE DURMUŞDA HEMIŞE ÖŇDE

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Bäsleşikde her bir gatnaşyjy özüniň iş ýeri, zähmet we durmuş ýoly, bagtyýar maşgalasy we jemgyýetçilik işlerine gatnaşyşy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly barada çeper sözlerde gürrüň berip, eşretli döwrümiziň hözirini görmäge ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdy. Netijede, Balkanabat şäherindäki 34-nji çagalar bagynyň müdiri Gülaýym Nyýazmämmedowa «Ýylyň işewür zenany», «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň ammarçysy Tuwaktäç Mämmetgeldiýewa «Ýylyň çeper elli zenany», welaýat medeniýet merkeziniň işçisi Gözel Hudaýberdiýewa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», 24-nji orta mekdebiň mugal lymy Bibigül Nurj a nowa «Ýylyň mährem zenany», harby gullukçy Aýna Haýdarowa «Ýylyň watançy zenany» diýen atlara mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm