2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar

Serdar şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan dokmaçy gelin- -gyzlar hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň zenan ykbalyna ýetirýän täsirini, durmuşdaky ähmiýetini wasp etdiler. Wideoşekilleriň üsti bilen welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde el işlerinde ulanylýan gadymy we häzirki zaman nagyşlaryny görkezdiler. Şol nagyşlaryň döreýşi, gelip çykyşy hakynda gürrüň berdiler. Çeper elli zenanlar eminler tarapyndan tabşyrylan el işlerini ökdelik bilen ýerine ýetirdiler. Nagyşlaryň gadymy nusgalary bilen baglanyşykly yrymlary, däp- -dessurlary, rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary aýdyp berdiler. Zenan zehininden döreýän keşde-nagyşlarymyzyň gadymy nusgalaryny kämilleşdirmäge, arkama-arka dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerimizi ýaş nesillere ýetirmäge giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Serdar şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň egirme enjamynyň operatory Bagtygözel Jommyýewa bilen darak enjamynyň operatory Gurbansoltan Maryýewa birinji, Bereket tikin fabriginiň tikinçileri Gunça Seýitmämmedowa we Nurnabat Nurlyýewa ikinji, Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumynyň tikin önümçiliginiň tikinçisi Tawus Mollaýewa hem-de biçimçisi Gülälek Gurbanowa üçünji orunlary eýelediler. Bäsleşikde birinji orna mynasyp bolanlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşan zenanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Nursoltan Dep¬biýewa, «Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm