Geçirilýän çäreler

Ojaklaryň söýesi

Gadym wagtlar bir danadan: «Tükeniksiz zat näme?» diýip soranlarynda, ol säginmän: «Enäniň waspy» diýip, jogap beripdir. Bu hakykat. Seni dünýä getiren mähriban adamy wasp edip aňyrsyna ýeter ýaly däl. «Ene» diýlen üç harpdan döreýän bu söz dillerimiziň senasy. «Ene — çagalaryň ýüreklerindäki we dillerindäki Hudaýyň adydyr» diýip, ata-babalarymyz aýdardylar. Dil biteninden tä ömrümiziň soňky sagatlaryna çenli kiçi bol, uly bol, tapawudy ýok, diňe şol sözi gaýtalaýarys. Begensegem, gynansagam zybanymyza, ilki bilen, käbämiziň ady gelýär.

Ene mukaddesligine tagzym

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda yglan eden «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

ENELERIŇ BAGTY-DÜNÝÄNIŇ BAGTY

«Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň Tejen etrap tapgyry geçirildi. Etrap häkimliginiň mejlisler zalynda bolan bäsleşikde oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň jöwher zehini bi­len ýazylan «Enä tagzym — mu­kaddeslige tagzym» atly kitabyn­dan bir parçany labyzly okamak, kitapda beýan edilen rowaýatlardan, wakalardan bir pursady ussatlyk bilen sahnalaşdyrmak hem-de kitabyň özlerinde gal­dyran täsirleri barada hüwdiniň, läläniň, gazalyň, aýdymyň we goşgynyň üsti bilen wasp etmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.

MAŞGALA GYMMATLYGY

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşiginiň şäherdir etrap tapgyrlary geçirildi. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ajaýyp günlerinde hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden  «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda geçirilýän bu bäsleşik hemmelerde uly gyzyklanma döretdi.

GÖZELLER BÄSLEŞENDE

Edaly  türkmen  gyzynyň geýniş medeniýeti, özüne  timar  berşi  hem sungat        derejesine ýetirilen. «Gyz ede bi   —   gyzyl   gül», «Gyzym bar — gyzylym bar» diýmek bilen,  ene-mamalarymyz    gyzjagazlarynyň   saçy   ýaňy örüme girenden eline ýüpek sapak  berip,  alaja  işmäni öwredipdirler.         Şeýdibem,        gyzjagazlaryň aňynda milli mirasymyza bolan  höwesi  oýarypdyrlar.  Keşde çekmek,  gaýma  gaýamak,  begres, çabyt, kürte nagyşlamak gözel gyzlarymyzyň daşky keşbi bilen içki gözelligini sazlaşdyrýan el hünärleridir.

KEÇE NAGŞY — ÖÝÜŇ KÜMŞI

Düýn paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet, Dokma senagaty ministrlikleriniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda çeper elli zenanlaryň «Gülüň owadan!» atly keçe sungaty bilen baglanyşykly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Däp bolan bäsleşikde Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlardan deslapky

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com