Geçirilýän çäreler

Dilleri senaly ýaşulular gerek

Ýaşulular bilen ýaşlar... Olaryň biri güýç- kuwwaty ýetik, durmuşa bolan hyjuwdan dolup-daşyp duran akar mysaly. Beýlekisi bolsa, durmuş tejribesinden ýüki ýetik akyl-paýhas mekdebi. Şu iki güýjüň birleşmeginde, biri-birine düşünmeginde nähili güýjüň bardygyny aýdyp oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek. Aslynda, biziň türkmen halkymyzda ýaşululara sarpa goýmak asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gelýän ýörelge. Şol ýörelgäniň bu günki gün nähili dowam etdirilýänligine bolsa, ählijämiz gözli şaýat.

«Keçäm — kejebäm»

Gözellige serhet ýok. Ynsan göwni gözellige aşyk. Ol özüni synlan dideleri erksiz yzyna düşürýär-de, sungatyň solmaz gülleri barada gürrüň berýär. Bu gezegem şeýle boldy. Öýlerimiziň törüniň bezegi bolan türkmeniň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, nesillerimizde milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik diýseň çekeleşikli geçdi.

Dal bedewiň ganatyna atlanyp...

Mukaddes Garaşsyzlyk toýunyň öňüsyrasynda uzak Italiýa ülkesinden gelip gowşan buşluk habary tutuş halkymyzyň göwnüni has-da joşdurdy. Italiýa döwletiniň Latina şäherinde 2014-nji ýylyň 16-21-nji oktýabry aralygynda sirk sungaty boýunça Halkara festiwalynda türkmen sirkçileri arzyly birinjiligi eýeläp, nurana topragymyza ýene-de bir ýeňişli dolanyp geldiler. Mälim bolşy ýaly, bu festiwal her ýylda dünýäniň iň bir ökde, ezber, ussat sirk toparlaryny bir ýere jemleýär.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com