Geçirilýän çäreler

Belent sarpadan nyşan

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy şatlykly waka öwrüldi. Bu ajaýyp eser her bir ynsany mähir ummanyna atarýar, ene hakda ýakymly oýpikirlere batyrýar.

GYZYKLY BÄSLEŞIK

27-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň 11-nji Saglyk öýünde hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzymmukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserine bagyşlanyp «Öý-ojagyň gelşigi kümüş saçly eneler» atly bäsleşik geçirildi.

 

DÜNÝÄ MÄHIR BILEN NURLANÝAR

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz mähir Eneler öz mähri bilen öý-ojagyň abadanlygyny, il-ulsuň abatlygyny üpjün edýärler. Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir.

 

ENE WASPYNYŇ JOŞGUNY

«TürkmenistanBeýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ýakymly wakalary many-mazmuna baýlygy bilen özüne çekýär. Bu ýylda hormatly Prezidentimiziň «Enä  tagzymmukaddeslige tagzym» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy her bir adam üçin gymmatly sowgat boldy. Bu kitapda Gahryman Arkadagymyz ene mukaddesligini dünýä açyp görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp eseriň dowamynda mähriban käbesiniň öz durmuşynda eýeleýän orny barada süýji söhbetlere giň orun berýär.

Bu ajaýyp eser ähli gelin-gyzlarymyzyň, mährem enelerimiziň ýüreklerinde orun al

ENE göreldesi – gyza ýorelge

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde guramaklarynda «Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» ady bilen zenanlaryň arasynda ýurt derejesinde geçirilýän bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry ýokary guramaçylykda, şowhunly geçdi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançany bäsleşige gatnaşýanlar alyp gelen haly-palaslary, keçeleri, nepis el işleri bilen bezäpdirler.

ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

Şu günler ata Watanymyzyň ähli künjeginde şanly Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli dürli medeni çäreler, bäsleşikler giň gerimde geçirilýär. Türkmenabat şäheriniň görküne görk goşup oturan „Lebap“ söwda we dynç alyş merkeziniň toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenabadyň  Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara hem diýseň gyzykly geçdi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com