Geçirilýän çäreler

Täze üstünlikler bilen

          Täze ýylyň öň ýanynda paýtagtymyzdaky «Toý mekany» medeni dynç alyş merkezi baýramçylyk lybasyna beslendi. Älemgoşar öwüşginli Täze ýyl arçalary, milli lybasly gyz-gelinler bu ýerde geçirilen «Üstünlikler seniň şanyňa, Täze ýyl!» ady bilen baýramçylyk dabarasynyň bezegini artdyrdy.

Bäsleşik ökdäni saýlar

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşigi hem iň ökdeleri öňe saýlady. Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň mer­kezi edara binasynda gözel paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp yglan edilen bu döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Edara binasynyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bada-bat ünsüňi çekýär.

GIŇDEN ÝAZYP TOÝ SAÇAGYNY

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk şanly toýy mynasybetli «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdaky datly tagamlary wagyz etmek we şäheriň edara-kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýän zenanlaryň milli türkmen tagamlaryny taýýarlamakda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesi Zenanlar birleşmesiniň şäher bölümi bilen bilelikde «Toý saçagyny giň ýazalyň, joralar!» atly bäsleşikli medeni-köpçülik çäresini geçirdi.

ZENAN KALBYNYŇ ŞUGLASY

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Balkanabat şäherindäki Bagt köşgünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda bäsleşik geçirildi. «Zenan kalbynyň şuglasy» ady bilen geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden işjeň zenan­lar gatnaşdylar.

ZENAN BAR ÝERINDE GÖZELLIK BAR

Baharly etrabyndaky medeniýet öýünde Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň, şeýle-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Zeminiň zynaty —zenan» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa döredijilik işgärleri, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ze­nanlar, mährem eneler gatnaşdylar.

MILLI ÖWÜŞGINLI ŞÜWELEŇ

Ýurdumyzda dabaraly bellenilýän şanly seneleriň biri bolan Hasyl toýuna bagyşlanyp, welaýatymyzyň ähli ýerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berilýär. Millilige ýugrulan baýramçylyk dabaralarynyň biri-de welaýat merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň golaýynda ýerleşýän giň meýdançada geçirildi. Ony Ahal welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de welaýat medeniýet müdirligi bilelikde gurady.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com