Geçirilýän çäreler

ALYM ZENANLARYŇ BÄSLEŞIGI

Ýurdumyzda ylmy ösdürmek, ony ösüşiň täze belentliklerine çykarmak babatda il-ýurt bähbitli işlere ýurdumyzyň alym zenanlary hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar döwlet we halkara maslahatlara gatnaşyp, ylmy neşirlerde, gazet-žurnallarda, teleýaýlymlarda ylmyň derwaýys meseleleri boýunça yzygiderli çykyş edip, türkmen ylmynyň gazananlaryny halkymyza ýetirmekde we dünýä ýaýmakda hem uly hyzmatlary bitirýärler.

ЛУЧШИЕ ЖЕНЩИНЫ-УЧЁНЫЕ

определены по итогам кон­курса, который прошел в нашей стране в посвящение Дню нау­ки. Это научное состязание яв­ляется совместной инициативой отечественной Академии наук и Союза женщин Туркменистана и проходит ежегодно, вовлекая в свой круг женщин, активно занимающихся наукой.

DILLERDE WASPYŇ, WATAN

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkanabat şäher geňeşiniň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşik Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylyna bagyşlandy.

Eneler — Zeminiň bagtyýarlygy

Ene baradaky ýakymly söhbetler olaryň ajaýyp baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde has ähmiýetli mazmuna eýe bolýar we köňüllerde olara bolan hormaty has artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň enelere, gelin-gyzlara goýýan çäksiz hormat-sarpasy olaryň mertebesini belende galdyrýar. Golaýda Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler zalynda geçen döredijilik duşuşyk hem mährem zenanlarymyza hormatyň belentdigini äşgär etdi.

BAHAR GÜLLERINE MEŇZEŞ GÖZELLER

Şeýle at bilen Kaka etrabynyň medeniýet öýünde Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda bolan dabara edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, önümçilikde işleýän işjeň zenanlar hem-de mährem eneler gatnaşdy.

Geçmişe syýahat

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti we Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen birlikde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly mynasybetli, Halkara zenanlar gününe bagyşlap gurnan taryhy ýadygärliklere syýahaty diýseň täsirli geçdi. Dürli kärdäki zenanlar topary bu täsirli syýahatyny Köne Nusaýdan başlady.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com