Gadym wagtlar bir danadan: «Tükeniksiz zat näme?» diýip soranlarynda, ol säginmän: «Enäniň waspy» diýip, jogap beripdir. Bu hakykat. Seni dünýä getiren mähriban adamy wasp edip aňyrsyna ýeter ýaly däl. «Ene» diýlen üç harpdan döreýän bu söz dillerimiziň senasy. «Ene — çagalaryň ýüreklerindäki we dillerindäki Hudaýyň adydyr» diýip, ata-babalarymyz aýdardylar. Dil biteninden tä ömrümiziň soňky sagatlaryna çenli kiçi bol, uly bol, tapawudy ýok, diňe şol sözi gaýtalaýarys. Begensegem, gynansagam zybanymyza, ilki bilen, käbämiziň ady gelýär.