Ir döwürde daýhançylyk bilen meşgullanyp ýören adam bolupdyr. Häsiýeti boýunça ol diýseň gagal, gaharjaň adam eken. Onuň at dakman iýen nahary, geýen geýimi, alan harydy az bolupdyr. Garaz, onuň göwnüne ýaraýmak gaty kyn düşüpdir. Ýöne, köplenç, onuň aýdany ugruna-da bolupdyr. Ol ähli zadyň gowy, kemsiz ýerine ýetirilmegini isläpdir. Onuň aýaly welin, zähmetsöýer, ýuwaş aýal eken. Adamsy näçe iňre, gagal we gaharjaň bolsa-da, onuň göwnüne ýetjek bolup, aranyny, ýadanyny bilmändir. Maşgalanyň abraýy diýip ir-ertirden gijagşama çenli hyzmat edip, wagtyň nähili geçendigini-de bilmändir.