Türkmen Milli tagamlary

TAGAMLY işdäaçar

Gerekli önümler:
300 g et, 2 sany käşir,
200 g leňňeç taýajyklary, 1 düýp sogan, 250 g gaplanan mekge,
150 g maýonez, duz, burç.
Eti otluçöp görnüşinde kesip gowurmaly. Artykmaç ýagy siňer ýaly kagyz desmala çykarmaly. Käşiri duzly suwda gaýnatmaly. Bişensoň, arassalamaly. Soňra käşiri hem-de leňňeç taýajyklaryny otluçöp, sogany bolsa, inçejik tegelejikler görnüşinde dogramaly. Ýokarda agzalan önümleriň hemmesini birikdirmeli hem- de gaplanan mekgäni goş- maly. Iň soňunda işdäaçara maýonezi goşup garmaly.

Gabakly tagam

Gerekli önümler:
150 g süýt, 2 sany gabak (kabaçki), 2 sany ýumurtga, 50-70 g peýnir, 6-7 nahar çem- çesi un, 6 nahar çemçesi zeýtun ýagy, duz-burç, arpabadyýan.
Gabaklary kiçeňräk dörtburçluklar görnüşinde kesmeli. Howurpeji 200 derejä ýetýänçä gyzdyrmaly. Bölekle- nen gabagy ýaglanan taba ýerleme- li-de, 10-15 minut çemesi bişirmeli.

Datly kökeler

Gerekli önümler:
300 g şeker, 6 sany ýumurtga, 100 g mesge, 200 g gaýmak, 100 g hoz, 250 g un, 2 nahar çemçesi kakao, 1 gap hamyr tozy.

Kelemli işdäaçar

Gerekli önümler:
200 g kelem, 2 sany ýumurtga, 100 g kaka- dylan şöhlat, 10 nahar çemçesi gaplanan nohut, 7 nahar çem- çesi maýonez, duz.
Kelemi otluçöp görnüşinde inçejik dogramaly. Ýumurtgalary gaýnatmaly-da, bişensoň, sarysyny aýyrmaly. Ýumurtganyň agy- ny hem-de şöhlady inçejik dogramaly. Ulurak gaba ilki dogralan kelemi, soňra ýu- murtganyň agyny hem-de şöhlady goýmaly. Soňra nohu- dy goşup, duzlamaly. Duzy al- şar ýaly garmaly. Iň soňunda maýonezi hem guýup, işdäaçaryň önümlerini mazaly garyşdyrmaly.

Kömelekli ýörme

Ilki kömelegi ownuk dograp gowurmaly, bişiberende üstüne dogralan sogany goşmaly.
Eliň aýasy ýaly ýuka kesilen towuk etini kakmaç taýýarlanyşy ýaly tagta çekiç bilen kakmaly. Onuň üstüne kömelekli hurşy goýup, eti togalamaly. Ýörme açylmaz ýaly, sapak bilen daňmaly. Olary ösümlik ýagynda gowurmaly. Bişensoň, sowatmaly, sapagyny aýyrmaly.

Örme gutap

Ilki bilen hamyr ýugurmaly.
Towuk etini hem-de kömelegi dogramaly-da, gowurmaly.
Ýumurtgalary çalmaly-da, üstüne gyrgyçdan geçirilen peýnir, duz, burç hem-de dogralan şibitdir arpabadyýan goşup, garmaly. Emele gelen hurşy gowrulan kömelekdir towugyň üstüne guýup, pes otda 5-10 minudyň dowamynda buglamaly. Tagamy düýbüne tutmaz ýaly, bulap durmaly.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com