Türkmen Milli tagamlary

Badamjanly tagam

Gerekli önümler: 3 sany badamjan, 200 g üwelen et, ösümlik ýagy, 2 sany düýp sogan, 2 sany käşir, 5 pomidor, 3 diş sarymsak, 150 g peýnir.

Badamjanlary deň iki bölege bölüp, 15 minut duzlanan sowuk suwa ýatyryp goýmaly. Soňra suwdan çykaryp, suwy syrykýança garaşmaly.

Üwelen eti, ownuk dogralan sogany gowurmyşlamaly. Olar bişiberende, üstüne gyrgyçdan geçirilen käşiri hem-de dogralan pomidory, sarymsagy goşmaly. Duzlamaly, burç atmaly. Bular bişýänçä, pes otda buglap, batyrma taýýarlamaly.

Zirk mürepbesi

 

Gerekli önümler: 1 kg zirk, 1,5 kg şeker, 1 litre golaý suw.

Zirki arassalamaly. Eger mürepbäni suwuk görnüşinde taýýarlajak bolsaňyz, onda çigidini aýyrmaly. Soňra et üwelýän maşyndan geçirmeli. Eger-de bitewüligine ýapmagy halaýan bolsaňyz, şol durşuna ulurak gaba ýerlemeli.

Üljeli börek

Gerekli önümler: 600 g ülje, 1 bulgur şeker, 1-1,5 bulgur un, 1 ýumurtga, duz.

Batyrma

Gerekli önümler: 400 g et, 4-5 sany ýeralma, 2 sany düýp sogan, 4-5 sany pomidor, 200 g kösükli noýba, 2 sany badamjan, 2 sany bolgar burçy, 3 nahar çemçe ösümlik ýagy, duz-burç, gök ot. Eti dogramaly. Ony gaýnap duran suwa atmaly (0,5 litr suw), köpügini aýyrmaly. Ýarym sagat geçensoň, oňa ownuk dogralan sogany, ýene 15 minutdan soň ýeralma goşmaly. Çorbany pes otda buglamaly. Duz-burç atmaly. Pomidory, badamjany, bolgar burçuny, noýbany dograp, gyzan ýaga atyp, gowurmyşlamaly.

Pisseli palaw

   Gerekli önümler: 4 käse tüwi, 4 nahar çemçesi pisse, 3 nahar çemçesi kişmiş, 250 gr bagyr, 1 sogan, 200 gr mesge, duz-burç.
Tüwini arassalap, ýarym sagat gaýnag suwa ezmeli. Tüwi birazrak çişensoň sowuk suwa ýene bir gezek çaýkamaly. Kişmişleri ýuwmaly-da, ýyly suwa 5 minut çemesi ezip goýmaly. Bagry ýuwmaly hem-de kiçeňräk dörtburçluklar görnüşinde dogramaly.

Käşirli tagam

   Gerekli önümler: 10 sany käşir, guradylan çörek owuntyklary, 6 sany erik kişdesi, birnäçe ýaş sogan, 2 nahar çemçesi hoz, 2-3 diş sarymsak, 1 ýumurtga, birazrak arpabadyýandyr şibit, narpyz, duz-burç, günebakar ýagy.
Batyrmasy üçin gerekli önümler: 7 nahar çemçesi gaýmak, 1/2 limon şiresi, 2 diş sarymsak, duz-burç.
Käşirli tagamyň süýjümtik tagamy bolansoň, batyrmasynyň ajyrak bol­magynyň zeleli ýok. Onuň üçin gaý­magy sarymsagyň hem-de limo­nyň şiresi bilen mazaly çalmaly, iň soňunda isledigiňçe duz-burç sepmeli.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com