Türkmen Milli tagamlary

Miweli çişlik

   Gerekli önümler: 2 banan, 2 armyt ýa-da alma, 1 ananas, 2 çaý çemçesi bal.
Miweleri arassalamaly. Armydy ikä bölmeli-de, çigitlerini aýyrmaly. Ananasy hem-de armydy ulurak dörtburçluklara bölmeli, banany bolsa 3 sm galyňlykdaky tegeleklere bölmeli.
Miwe bölejiklerini kiçeňräk syhlara şu yzygiderlikde düzmeli: ilki armyt, banan, soňra ananas bölejikleri. Miweler syha düzülensoň, olara çotgajyk bilen bal çalmaly. Soňra bulary howurpeçde 15 minut çemesi bişirmeli.
"Zenan kalby"

Ýumurtgaly huruş

  Gerekli önümler: 5 ýumurtga, 300 gr guzy eti, 150 gr peýnir, 50 gr çörek, 1,5 nahar çemçesi maýonez, duz, burç.
Guzy etini inçe kesip, duzlamaly, burç atmaly. Duz-burçy alyşýança, 10 minut çemesi salkyn ýerde goýmaly. Soňra etden kakmaç bişirmeli. Bişensoň ownuk dogramaly.

Ýeralma tokgajyklary

Gerekli önümler: 1 kg ýeralma, 500 gr kelemiň brokkoli sorty, 2 ýumurtga, 0,5 bulgur un, şonça-da guradylan çörek owuntyklary, ösümlik ýagy.
Suwa çorbalyk goşundylary bolan «maggi» ýa-da «knorr» dörtburçluklaryny atmaly-da, gaýnatmaly. Gaýnansoň, brokkoli kelemini 5-10 minut bişirmeli. Soňra kelemi süzüp çykarmaly-da, sowatmaly. Kelem sowansoň, ony blenderde ownatmaly.

Gutap

   Huruş üçin gerekli önümler: 500 gr üwelen et, 2 düýp sogan, 3 ýumurtga, duz-burç.
Hamyry üçin gerekli önümler: 1 kg un, 2 bulgur süýt ýa-da gatyk, 3 ýumurtga, gabartma tozy.
Ilki bilen gutabyň hamyryny ýugurmaly. Iň soňunda zuwala ösümlik ýagyny çalyp, ony ýyly ýerde 1 sagat demine goýmaly.
Üwelen eti sogan bilen gowurmyşlamaly. Ýumurtgany gaýnatmaly-da, dogramaly. Et bişensoň, ony ýumurtga bilen garmaly. Etli hurşy duzlamaly, burç sepmeli.

Greçiha ýarmaly tokgajyklar (kotletler)

   Gerekli önümler: 1 bulgur greçiha ýarmasy, 100 gr dorag, 2 ýumurtga, 1 çaý çemçesi şeker, 1/2 bulgur guradylan çöregiň ownugy, 2 nahar çemçesi ösümlik ýagy, gaýmak, duz.
Greçiha ýarmasyny duzlanan suwda bişirmeli-de, sowatmaly. Onuň içine ýumşadylan doragy, ýumurtgalary, şekeri guýup, mazaly garmaly. Soňra ondan kiçeňräk tokgajyklar (kotletler) ýasamaly. Tokgajyklary guradylan çörek ownuklary bilen garyp, gyzyp duran ýagda iki tarapynam gyzardyp bişirmeli. Olaryň her biriniň üstüne bir nahar çemçesi gaýmak guýup, saçaga äbermeli.

Dürüşde işdäaçary

   Gerekli önümler: 200 gr peýnir, 100 gr gelinkömelek, 2 sany süýji bolgar burçy, 2 sany alma, 1 pyrtykal ýa-da mandarin, 2 nahar çemçesi bal, ýogurt, 1 nahar çemçesi limon şiresi, 1 doly däl çaý çemçesi ajyhurş (gorçisa).
Ilki bilen işdäaçara guýuljak batyrmany (sousy) taýýarlamaly. Onuň üçin baly, ýogurdy, ajyhurşy (gorçisa) hem-de limon şiresini garmaly-da, sowadyjyda goýmaly.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com