Türkmen Milli tagamlary

Duzlanan pomidor

 Gerekli önümler: 3 kg iri, 2 kg ownuk pomidor, 1 kg bolgar burçy, 3 kelle sarymsak, duz, şeker, burç.
Arassalanan bankalarda ilki sarymsagy, soňra bolgar burçuny endigan edip ýerleşdirmeli, tegelek gara burç hem goşmaly. Ýuwlup, guradylan ownuk pomidorlary ýaňkylaryň üstüne düzmeli.

Garpyz mürepbesi

Gerekli önümler: 1 kg arassalanan garpyz, 1,5 kg şeker, 400-600 gr suw, 1 gap wanilin, 1 limon şiresi.
Garpyzyň paçagynyň gabygyny ýukajyk edip aýyrmaly. Soňra ony 2-3 sm ululykdaky bölejiklere bölmeli. Garpyz bölejiklerini gaýnag suwda 10-15 minut ezmeli-de, süzmeli. Ýa-da olary nahar sodasy atylan suwda 1-2 sagada golaý ezip goýmaly diýlen maglumat hem bar. 3 litr sowuk suwa 3 çaý çemçesi nahar sodasyny atmaly. Bellenen wagt geçensoň, olary sowuk suwa geçirip, ýene 30 minut çemesi basyryp goýmaly.

Böwrekden çişlik

Taýýarlamak üçin gerekli önümler: 6-7 sany böwrek, 3-4 düýp sogan, şibitdir arpabadyýan, duz we burç gerek.
Taýýarlanylyşy: Dowaryň böwreklerini inedördül görnüşde kesişdirmeli. Dogralan sogany, gök otlary maýdalap goşup garyşdyrmaly. Duzdur burçuny sepip, 1-2 sagatlap goýmaly. Soňra olary çişlik syhlaryndan geçirip, sazak közünde bişirmeli. Çişlik ownuk dogralan gök sogan, şibit we arpabadyýan bilen saçaga eltilýär.

Kelemli işdäaçar

Gerekli önümler: 350 g kelem, 450 g gaýnadylan towuk eti, 100 g peýnir, 100 g maýonez ýa-da gaýmak, 100 g gatadylan çörek (suhari), geregiçe duz, islege görä sarymsak, şibitdir arpabadyýan.

BEHIŞDI- lezzet

Türkmen ýüregi ýaly gorly tamdyrdan, tylla günüň nury bolup lowurdap çykýan Enelermiziň mähir-söýgüsi siňen mele-myssyk türkmen çöreginde – Behişdi lezzet bardyr.
Türkmenlerde tamdyr çöregi hurşlaryň, tagamlaryň iň datlysy, iň mukaddesi, iň keramatlysy hasaplanýar, sebäbi oňa hakyň nury, günüň çogy siňendir. Türkmen çöregiň iň soňky ownujygyny hem yrýa, zaýa etmeýärler. Bu mukaddeslik bilen bagly, il arsaynda birnäçe yrymlar, däp-dessurlar, atalar sözleri, rowaýatlar döredilipdir. Türkmenler bir zady eziz görseler oňa “ olar biri- birini edil nan ownugy ýaly görýärler” diýilýär.

TOÝ-GATLAMASY

Gerekli önümler: hamyry üçin un, duz; ony gatlama üçin ösümlik ýagy ýa-da eredilen saryýag.
Un, suw we duz goşup, petirlik hamyr ýugurmaly. 30-40 minut demini alansoň 100-150 gr. agramda zowalalara bölmeli. Soňra olary ýuka ýaýyp, ýaýylan zowalanyň üstüne ösümlik ýagyny çalmaly-da, gatlamaly.
Gatlama ulurak gazanda bişirilse amatly bolar. Onuň üçin ilki bilen günebakar ýagyny gyzdyrmaly-da, gatlamanyň iki tarapyny hem gyzardyp bişirmeli. Gatlama gyzgynka üstüne şeker sepseň, has tagamly bolar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com