Ahal welaýaty

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde geçirilen dabaraly maslahat welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy. Dabaraly maslahatda çykyşlara giň orun berildi.

Ahlak terbiýesi — ynsan gözelligi

Sarahs etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Ahlak terbiýesi — ynsan gözelligi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlary hemde mährem eneler gatnaşdy.

Ar­ka­dag tag­ly­ma­ty — ösüşler ýoly

Şu günler welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň guramagynda welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda wagyz-nesihat duşuşyklary giň gerimde geçirilýär.

HALY — TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATY

Ýakynda Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde “Arkadag saýasynda ady dünýä dolan türkmen halysy” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Ahal welaýat zenanlar bölüminiň, Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata welaýatymyzyň işewür zenanlary, halyçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, dürli kärde işleýän gyz-gelinler, mährem eneler, şeýle-de beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy.

EL HÜNÄRINIŇ SAZLAŞYGY

Welaýat merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň öňündäki meýdançada «Zenan edebiniň zynaty» ady bilen özboluşly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan guralan dabara welaýatyň ähli ýerinden çeper elli, zähmetsöýer zenanlar gatnaşdy. Olar ussatlyk bilen ýerine ýetirilen el işleriniň giň göwrümli sergisini guramak bilen, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünäriniň aýratynlyklaryny açyp görkezdiler.

BIRAÝLYGA BAGYŞLANDY

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde “Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşmegiň” biraýlygy mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hemde welaýatyň Saglygy goraýyş müdirligi bilelikde guradylar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com