Ahal welaýaty

ÇÖREK MUKADDESLIGINIŇ WASPY

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan guralýan milli mirasymyzy wagyz-nesihat etmek, milli gymmatlyklary açyp görkezmek we onuň ähmiýetini ýaş nesillere düşündirmek boýunça çäreler aýratyn uly gyzyklanma döredýär. Şeýle çäreleriň biri-de welaýatymyzyň merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň golaýyndaky meýdançada «Çörek mukaddesdir» ady bilen geçirildi. Aýal-gyzlaryň, mährem eneleriň köpsanlysynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre baý many-mazmuna eýe boldy.

SAGLYGY GORAÝYŞ IŞGÄRLERIBÄSLEŞDILER

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany» ady bilen saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda bäsleşik geçirildi. Welaýat derejesindäki bu bäsleşigi welaýatyň saglygy goraýyş müdirligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilelikde guradylar. Oňa welaýatymyzyň çägindäki hassahanalardan hem-de saglyk merkezlerinden işgärler gatnaşdylar.

BAGTYÝAR MAŞGALANYŇ SÜTÜNI

Änew şäherindäki sport mekdebinde «Sagdyn zenan — bagtyýar maşgalanyň gözbaşy» ady bilen sport ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ähli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlaryň, talyp we okuwçy gyzlaryň arasynda yglan edilen ýaryşyň bu tapgyryna welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan zenanlar gatnaşdylar. Ony Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de welaýatymyzyň sport baradaky komiteti bilelikde guradylar.

Woleýbol ýaryşlarynda

Tejen etrabynyň Gowkyzereň obasyndaky 23-nji orta mekdebiň sport zalynda ýokary synp okuwçy gyzlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap Geňeşiniň guramagynda ýaryş diýseň çekeleşikli geçdi. Ilkinji duşuşyklardan başlap, garşydaşlaryň her birine garşy oýunlarynda başarnyklaryny doly görkezmegi başaran 23-nji orta mekdebiň «Läle» toparynyň woleýbolçylary ýekeje utugy hem ýitirmän, bu gezekki ýaryşyň ýeňijileri boldular.

Küştçi gyzlar bäsleşdiler

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Baharly etrap geňeşi gadymy küşt oýnuny söýýän okuwçy gyzlaryň arasynda ýaryş geçirdi. Ýaryşa etrabyň mekdeplerinden gelen küştçi gyzlar gatnaşdylar.
Şahsy birinjiligi eýelemek ugrundaky bu ýaryş etrap merkezindäki 30-njy orta mekdebiň uly zalynda aýlaw tertibinde geçirildi.

KEÇE — TÜRKMEN ÖÝÜNIŇ ÝARAŞYGY

Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde ýerleşýän gum obalarynyň birinde bolanymyzda türkmen zenanlarynyň zehininden kemal tapan keçe taýýarlamagyň aýratynlyklary barada Ogulgerek Gurbanowanyň aýdan maglumatlaryny kagyza geçirmegi makul bildik.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com