Ahal welaýaty

ZENAN EDEBINIŇ ZYNATY

ÖŇ­ŇIN şeýle at bilen Änew şäherinde ýerleşýän Milli “Ak bugdaý” muzeýiniň öňündäki meýdançada aýdym-sazly dabara geçirildi. Milli ruha beslenen bu dabarany Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi gurady. Oňa welaýatymyzyň ähli ýerinden öňdebaryjy zenanlar gatnaşdy. Giň meýdança diýseň gözel görnüşe beslendi. Ol ýerde çeper elli zenanlar tarapyndan ussatlyk bilen sünnälenen el işleriniň giň göwrümli sergisi guraldy. Dabara gatnaşyjylar milli öwüşgine baý bolan bu sergini gyzyklanma bilen synladylar.

HA­LAL­LYK — BAŞ ÝÖ­REL­GÄ­MIZ

Ýakynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji oktýabrynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisinde korrupsiýa we parahorlyga garşy göreşmek bilen baglanyşykly aýdanlaryndan ugur alnan bu wagyz-nesihat maslahatyny welaýat häkimligi, welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa welaýatymyzyň dürli ýerinden maliýe we ykdysadyýet toplumyna girýän edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy.

TA­RY­HY ÖZ­GERT­ME­LE­RE BUÝ­SANÇ

Änew şä­he­rin­dä­ki Me­de­ni­ýet öýünde ge­çi­ri­len wa­gyz-ne­si­hat hä­si­ýet­li da­ba­ra­ly du­şu­şyk we­la­ýat hä­kim­li­gi hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­rapyn­dan gu­ral­dy. Oňa we­la­ýa­ty­my­zyň dür­li ýe­rin­den jem­gy­ýe­tiň dür­li gat­lakla­ry­nyň we­kil­le­ri, eda­ra-kär­ha­na­la­ryň iş­gär­le­ri, ta­lyp ýaş­lar, şeý­le-de Türkme­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry gatnaş­dy.

AÝDYM-SAZA UTGAŞDY

Tejen şäherindäki Medeniýet öýünde şäher häkimliginiň we şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa edara-kärhanalarda, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdy. Dabara medeniýet merkeziniň bilbil owazly aýdymçylary, şeýle-de wäşiler özleriniň göwün göteriji çykyşlary bilen şowhun goşdular.

SAGDYN DUR¬MUŞ — ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY

Şeýle at bilen “Ahaltelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralan maslahata welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy.

Maslahat geçirildi

­Ka­ka et­rap Gal­la önüm­le­ri kär­ha­na­sy­nyň mejlis­ler ja­ýyn­da «Ze­nan gö­zel­li­gi» di­ýen at bi­len wa­gyz-ne­si­hat mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Ony TDP-niň et­rap ko­mi­te­ti hem-de Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň et­rap bö­lü­mi bi­le­lik­de gu­ra­dy. Mas­la­hat­da her bir mu­kad­des oja­gyň eýe­si bol­jak ýaş gyz­la­ryň päk ah­lak­ly, leb­zi ha­lal, sa­da, gö­zel görk­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ba­ra­da­ky söh­be­de aý­ra­tyn orun be­ril­di.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm