Ahal welaýaty

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde gurnamaklarynda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermek barada Ahal welaýaty boýunça okuwy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilelikde “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň kanuny esaslanyp ýurdumyzyň welaýatlarynda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermek boýunça okuwlary geçirmek meýilleşdirdiler.

OKUWLAR NETIJELI BOLDY

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Gyzyl Yarymaý Milli jemgyýeti hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endikleri boýunça okuwlar guraldy. Welaýat derejesindäki okuwlara etraplaryň edara-kärhanalarynda, guramalarynda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar.

ZENANLAR BÄSLEŞDILER

Golaýda Baharly etrap Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Janly rowaýat» atly kitaby esasynda «Türkmeniň kalby—türkmen halysy» atly yglan eden bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ussat halyçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungat işgärleri, ozal halyçylykda ýaşlara halypalyk eden ezber halyçy enelerimiz hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

NESIL TERBIÝESINE BAGYŞLANDY

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň hem-de Gökdepe etrap zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde «Türkmenistanda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesi» atly maslahat geçirildi.

ÇÖREK MUKADDESLIGINIŇ WASPY

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan guralýan milli mirasymyzy wagyz-nesihat etmek, milli gymmatlyklary açyp görkezmek we onuň ähmiýetini ýaş nesillere düşündirmek boýunça çäreler aýratyn uly gyzyklanma döredýär. Şeýle çäreleriň biri-de welaýatymyzyň merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň golaýyndaky meýdançada «Çörek mukaddesdir» ady bilen geçirildi. Aýal-gyzlaryň, mährem eneleriň köpsanlysynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre baý many-mazmuna eýe boldy.

BAGTYÝAR MAŞGALANYŇ SÜTÜNI

Änew şäherindäki sport mekdebinde «Sagdyn zenan — bagtyýar maşgalanyň gözbaşy» ady bilen sport ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ähli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlaryň, talyp we okuwçy gyzlaryň arasynda yglan edilen ýaryşyň bu tapgyryna welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan zenanlar gatnaşdylar. Ony Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de welaýatymyzyň sport baradaky komiteti bilelikde guradylar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com