Ahal welaýaty

MIRASYŇ BEZEGI - TÜRKMEN ZENANY

Şeýle at bilen Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çägindäki giň ýaýlada mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de welaýat Zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda aýdym-sazly, şatlyk-şowhunly hem-de ýokary guramaçylykly dabaraly çäre geçirildi. Ýaz paslynyň mymyk şemalyna pasyrdaýan ýaşyl Tugdur toý lent al ary, ak öýl erdir milli mirasymyza degişli bolan haly-palaslar, gotazlardyr düwmeler bilen göwnejaý bezelen öýler, bu ýere ýygnananlaryň toý şatlygyny goşalandyrdy.

MUZEÝ GYMMATLYKLARY BILEN TANŞYLDY

Halkara zenanlar güni mynasybetli Milli “Ak bugdaý” muzeýiniň hem-de Ak bugdaý etrap zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen çäre has-da täsirli boldy. Milli “Ak bugdaý” muzeýinde bolan çärä etrabyň obalaryndan hem-de Änew şäherinden mährem eneleriň, şeýle-de bagtyýar çagalaryň uly topary gatnaşdy.

TÄZE KITAP BILEN TANYŞDYLAR

Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesinde hem hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Oňa Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmeleriniň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar.

TÄZE KITAP BILEN TANYŞDYLAR

Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynyň neşir edilmegi hem-de il-günümize sowgat edilmegi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň ýakymly wakalarynyň birine öwrüldi. Şeýle bolansoň, Ak bugdaý etrabynyň edara-kärhanalarynda hem täze neşiriň tanyşdyryş dabaralary giň gerim aldy. Etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda TDP-niň etrap komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan tanyşdyryş dabarasy ruhubelentlikde geçdi.

MILLI BAHAR BAÝRAMYNA BAGYŞLANDY

Ýakynda Gökdepe etrabynyň Babarap toý mekanynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Aýdym-sazly, şatlyk-şowhunly dabarany Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi gurady. Dabara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, kümüş saçly eneler, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda göwnejaý bezelen toý mekany, giňden ýazylan baýramçylyk saçagy oňa gatnaşyjylaryň göwün guşuny asmana göterdi. Ol gün toý mekanynyň daş-töweregi aýdym-sazyň jana ýakymly sesi bilen gurşaldy.

ÖKDELER ÖŇE SAÝLANDYLAR

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Altyn asyr etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň Sport baradaky komitetiniň bilelikde guramagynda Sport mekdebinde orta mekdepleriň okuwçy gyzlarynyň arasynda etrabyň birinjiligini almak ugrunda woleýbol ýaryşy geçirildi. Etrapdaky 2-nji orta mekdebiň woleýbolçy gyzlar topary bäsleşige örän ýokary derejede taýýarlykly gelendigini görkezdi. Olar her bir garşydaş topary bilen örän netijeli oýnadylar. Tutanýerli oýnalan oýunlar woleýbolçy gyzlara üstünlik getirdi. Şeýlelikde, 2-nji orta mekdebiň topary etrabyň birinjiligine mynasyp boldy.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com