«Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň Tejen etrap tapgyry geçirildi. Etrap häkimliginiň mejlisler zalynda bolan bäsleşikde oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň jöwher zehini bilen ýazylan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan bir parçany labyzly okamak, kitapda beýan edilen rowaýatlardan, wakalardan bir pursady ussatlyk bilen sahnalaşdyrmak hem-de kitabyň özlerinde galdyran täsirleri barada hüwdiniň, läläniň, gazalyň, aýdymyň we goşgynyň üsti bilen wasp etmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.