Ahal welaýaty

BAÝRAMÇYLYK MYNASYBETLI DABARALAR

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly bolan 2016-njy ýylyň her bir güni şatlykly wakalara, ajaýyp senelere beslenip gelýär. Şeýle baýramlaryň biri hem Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Tejen şäherindäki «Bagt ýoly» toý mekanynda geçirildi.

BAÝRAMÇYLYK MYNASYBETLI DABARALAR

TEJEN. «Tejenkarbamid» zawodynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly, şowhunly dabara geçirildi. Oňa Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, şäher Zenanlar guramasynyň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

BAÝRAMÇYLYK MYNASYBETLI DABARALAR

DERWEZE. Etrabyň Söwda merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli etrap häkimliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň etrap Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda edara-kärhanalarda bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler bahar paslynyň iň ajaýyp günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli ol ýere ýygnananlary gutladylar.

GÜLLER GÖZELLIGI SIZDEN ÖWRENER

GÖKDEPE. Etrap häkimliginiň we etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Güller gözelligi sizden öwrener» diýen at bilen Gökdepe şäheriniň Medeniýet öýünde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Oňa etrap häkimliginiň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrabyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler gatnaşdylar.

GÜLLER GÖZELLIGI SIZDEN ÖWRENER

AK BUGDAÝ. Etrabyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde hem «Güller gözelligi sizden öwrener» ady bilen şowhunly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ony TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, etrap medeniýet bölümi hem-de welaýat kitaphanasy bilelikde guradylar.

Öňdebaryjylara sowgatlar gowşuryldy

Derweze etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramasynyň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Täze zaman obasyndaky 21-nji orta mekdepde bolan dabara bilim işgärleriniň uly topary gatnaşdy.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com