Ahal welaýaty

Duşuşyk geçirildi

Ýurdumyzda belli “Arçman” şypahanasyndaky Medeniýet öýünde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly duşuşyk geçirildi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň geçiren çäresine edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramasynyň işewür agzalary gatnaşdylar.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylymyzyň baharynyň başynda geçirilen duşuşyk etrap medeniýet bölüminiň bagşydyr sazandalarynyň şirin owazlara beslenen çykyşlary bilen bezeldi.

SPARTAKIADANYŇ ÇÄGINDÄKI ÝARYŞ

Änew şäherindäki sport mekdebinde aýal-gyzlaryň arasyndaky spartakiadanyň çäginde ýaryş geçirildi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bu ýaryşy welaýatyň sport baradaky komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilelikde guradylar. Ýaryşa welaýatyň dürli ýerlerinden aýal-gyzlar gatnaşdylar.
Mekdebiň giň we ýagty zalynda bolan ýaryşa dürli ýaşdaky zenanlar diýseň taýýarlykly geldiler. Olaryň sportuň küşt, düzzüm we şaşka görnüşleri boýunça geçiren özara duşuşyklary munuň şeýledigini aýdyň görkezdi.

MUZEÝ GYMMATLYKLARY BILEN TANŞYLDY

Halkara zenanlar güni mynasybetli Milli “Ak bugdaý” muzeýiniň hem-de Ak bugdaý etrap zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen çäre has-da täsirli boldy. Milli “Ak bugdaý” muzeýinde bolan çärä etrabyň obalaryndan hem-de Änew şäherinden mährem eneleriň, şeýle-de bagtyýar çagalaryň uly topary gatnaşdy.

ZENAN BUÝSANJY

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyzyň ruhy medeniýetini, medeni mirasyny, milli-ruhy gymmatlyklaryny toplamakda we ýitip gitmeginiň öňüni almakda, olary ylmy esasda öwrenmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde örän köp çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlanan milli mirasymyza bagyşlanan bäsleşikler bu ugurda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

ZENAN MERTEBESI BELENTDIR

Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly bagtyýar il-günümiziň durmuşynda ajaýyp wakalara beslenýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk toýunyň has uludan toýlanylýan ýylynda eziz Diýarymyzyň dürli ýerlerinde guralýan çäreleriň her biri ýakymly duýgulary oýarýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan wagyz-nesihat häsiýetli çäreler babatynda hem şeýle diýmek bolar. Ahal welaýat häkimligi bilen bilelikde guralan maslahatlar has-da uly gyzyklanma eýe boldy.

Zenan sarpasy belentdedir

Barha ösüşlere beslenýän bu asuda Watanymyzda hormatly Prezidentimiziñ parasatly ýolbaşçylygynda gazanylyan üstünliklere we ýetilýän belent sepgitlere öz mynasyp goşantlaryny goşýan türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpa has-da ýokary derejelere göterilýär.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com