guramasy hem-de TKA-nyň etrap birleşmesi bilelikde guradylar. Etrabyň medeniýet merkezinde geçirilen bäsleşige gatnaşan zenanlar özleriniň işjeňligini, döwre gatnaşygyny täsirli çykyşlarynyň üsti bilen açyp görkezdiler. Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini inçeden yzarlap, iň gymmatly maglumatlary, durmuşy wakalary, halkymyzyň gadymy ýörelgelerini özünde jemleýän eserinde beýan edilen pikir-garaýyşlar, täsirli rowaýatlar barada zenanlaryň joşgunly hem many-mazmunly çykyş etmekleri bäsleşigiň ähmiýetini has-da artdyrdy.