Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda hem ýurdumyzyň ösüşlerini berkitmek, rowaçlygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere zenanlaryň gatnaşygyny işjeňleşdirmek, şonuň ýaly-da, ösüp gelýän ýaş nesli arassa ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek babatda edilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyp geçirilen maslahata welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, bilim işgärleri, işjeň zenanlar, wagyz-nesihatçylar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.