Gender hakynda

Türkmenistan – deň mümkinçilikleriň we hukuklaryň ýurdy: gender meselesi

Häzirki döwürde Türkmenistan demokratik özgertmeler, dünýä bileleşigine goşulyşmak, giň halkara hyzmatdaşlyk ýoly bilen ynamly we okgunly öňe gidip, özüniň daşary syýasat ugruny hemişelik oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda gurýar.

Gender syýasaty – jemgyýetiň durnukly ösüşiniň şerti

      Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmak pikirini berkitmäge gönükdirilen işjeň gender syýasatyny ýöredýär. Umumymilli meýilnamalaryň we durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy köp babatda gender syýasatynyň netijeliligine bagly bolup durýar.

ZENAN HUKUKLARYNYN KEPILI

Ajaýyp ösüş-özgerişleri bilen hal- kara abraýy barha belende galýan Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy gazanmaga ýardam edýän BMG bilen netijeli gatnaşyklary has-da berkidýär, Bu ýagdaý ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlyk- ugruna çuň eýerýändiginiň aýdyň beýanydyr, Ýakynda Türkmenistanyň BMG-niň gender deňligi, şeý- le hem zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeitmek boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylandygy barada Nýu-Ýorkdan gelip gowşan hoş habar biziň ýurdumyža, Arkadag Prezidentimize bolan buýsanjymyzy has- d

Türkmenistanyň zenanlarynyň dabaraly maslahaty geçirildi

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gender deňligini gazanmakda üstünlikler” diýen şygar astynda dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistan BMG-niň gender deňligi meseleleri boýunça düzümine saýlanyldy

Nýu-Ýorkdan nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy-Türkmenistan BMG-niň gender deňligi, şeýle hem zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Ýakynda BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilen saýlawlaryň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň agzalary ses bermek arkaly Türkmenistany 2016-2018-nji ýyllar üçin ady agzalan düzümiň agzalygyna saýladylar. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýä ýüzünde uly abraýa eýe bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com